Belarusyň prezidenti Aleksandar Lukaşenko ýekşenbe güni dawaly geçen saýlawlarda çakdanaşa ýokary görkezijiler bilen ýeňiş gazandy diýlip yglan edildi. Ýöne bu saýlawlaryň netijesi özi bilen uly protest çykyşlaryny we özara çaknyşyklary-da getirdi.
Belarus: çaknyşyklardan pursatlar

1
Minskde saýlawlaryň netijesine protest bildirip, müňlerçe adam demonstrasiýa çykdy.

2
«Oktýabr» meýdançasyna ýygnanan protestçileriň sany kem-kem köpelip, ahyrky netijede ol 20 müň töweregi adamlyk uly mähellä öwrüldi.

3
Hökümet binasyna hüjüm eden adamlaryň binanyň penjirelerini we gapylaryny döwdüler.

4
Protestçiler Lukaşenkonyň ýeňiji diýlip yglan edilmegi üçin häkimiýetler tarapyndan giň gerimde galplyklaryň amala aşyrylandygyny öňe sürdüler.