Aziada-2017 oýunlarynyň resmi simwoly atyň heýkeline ýene-de özgerişlik girizildi, onuň depesine alaw oturdyldy. Olimpiýa şäherçesinde dikilen bu heýkele soňky gezek mart aýynda üýtgetme girizilip, onuň boýnundaky halka aýrylypdy. 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin ýörite gurlan Olimpiýa şäherçesiniň bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar.
Aziadanyň resmi nyşany atyň heýkeli ýene özgerdildi

5
Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň düýbi 2010-njy ýylyň noýabr aýynda tutuldy.

6
Olimpiýa şäherçesindäki atyň heýkeli dürli tarapdan görünýär.

7
Olimpiýa şäherçesiniň düzümine 30 çemesi desga girýär.