Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar, emma olaryň müňlerçesiniň guraýandygyny görse bolýar. Muňa baglara ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň sebäp bolýandygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki guran baglar barada fotosergi taýýarlady.
Aşgabatda baglar guraýar

1
Ýöne görer gözden daşrak, dag gerişlerinde, baýyrlarda, esasan-da, Aşgabadyň demirgazyk çöllük böleginde ekilýän agaç nahallarynyň her ýylda üçden birisi hem düýp tutmaýar. Sebäbi suw ýetenok. Suw bolmadyk ýerde bolsa, arça agaçlarynyň asla kök urup bilmeýändigini, ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

2
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda kabul eden kararyna laýyklykda, ýurdy bagy-bossanlyga büremek kampaniýasynyň çäginde, şu ýyl ýazda we güýzde 3 million düýp nahal oturdylýar.

3
Bu bag ekişligiň ýazky tapgyry Nowruz baýramynyň öňýanynda amala aşyrylyp, bu çäräniň çäginde ýüz müňlerçe agaç nahaly oturdyldy.

4
Emma ýerli ýaşaýjylar şol ekilýän agaçlaryň aglabasynyň guraýandygyny we her ýyl bag ekmek möwsüminde şol bir ýerlere gaýta-gaýta täzeden agaç nahallarynyň oturdylýandygyny aýdýarlar.