Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 7-8-nji maýda Warşawada ýygnanyp, resmi däl geňeş mejlisini geçirerler we ertesi, Russiýanyň Ýeňiş gününi dabaralandyrýan wagtynda Ukraina raýdaşlyk görkezmek üçin, Lwow şäherine ugrarlar.
Bu ýygnanyşyklaryň hiç biri ÝB-niň resmi geňeş mejlisi däl, şu sebäpden olarda anyk bir zadyň yglan edilmek ähtimallygy az. Ýöne daşary işler ministrleriniň, Russiýany Ukrainada edilen agressiýa jenaýatlary üçin derňemek we jogapkärçilige çekmek üçin, ýörite tribunalyň döredilmegi ugrunda bir ädim ätmegine garaşylýar.
Ukraina garşy agressiýa jenaýaty üçin ýörite tribunal, adyndan görnüşi ýaly, 14-nji maýda Lýuksemburgda, Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitetiniň mejlisi geçirilende resmileşdiriler.
Ukraina garşy agressiýa jenaýaty üçin ýörite tribunal näme?
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlanyndan gysga wagt soň, Halkara Jenaýat Kazyýeti uruş jenaýatlary, adamzada garşy jenaýatlar we rus güýçleri tarapyndan edilen genosid aýyplamalary boýunça derňew işini açdy. Bu derňew Ukrainanyň çäginde 2013-nji ýylyň noýabr aýynda başlanan Maýdan rewolýusiýasy bilen baglanyşykly jenaýatlary hem öz içine alýar.
Täze tribunal, HJK-nyň ygtyýarlyklaryndan daşardaky meselä, agressiýa jenaýatlary diýilýäne sereder. Bu Halkara kazyýeti bolup, başda göz öňünde tutulyşy ýaly, Fransiýanyň Strasburg şäherinde, Ýewropa Geňeşiniň resmi merkezinde hem geçirilip bilner, ýöne tribunalyň Haagada soňlanmagy hem ahmal.
Agressiýa jenaýaty özünde nämeleri jemleýär?
Azatlyk Radiosynyň gören tribunal düzgünnamasyna laýyklykda, "agressiýa jenaýaty" syýasy ýa-da harby hereketlere netijeli, göni gözegçilik ýa-da ýolbaşçylyk edip biljek adamyň bir döwlete garşy agressiýa hereketini, öz häsiýeti, çynlakaýlygy we gerimi boýunça BMG-niň Düzgünnamasyny görnetin bozýan hereketiň meýilleşdirilmegini, taýýarlanylmagyny, başlamagyny ýa-da amala aşyrylmagyny aňladýar.
Şeýle-de, tribunal düzgünnamasynda "agressiýa hereketiniň" bir döwletiň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine ýa-da başga bir döwletiň syýasy garaşsyzlygyna garşy ýaragly güýçleriň ulanylmagyny aňladýandygy bellenilýär.
Russiýanyň soňky ýyllarda ýer eýelemek, anneksiýa etmek, deňiz gabawlary we Ukrainada hem raýat, hem harby nyşanalary bombalamak ýaly hereketleriniň köpüsi, Moskwa muny ret edýän-de bolsa, özünde agressiýa hereketlerini jemleýär. Hukuk nukdaý nazaryndan seredilende, Russiýanyň beýleki bir ýurda çozmagy "adalatsyz uruş" ýa-da "basybalyjylyk urşy" hasaplanýar.
"Agressiýa jenaýaty" adalgasy has giň gerime eýe bolup, ol uruş jenaýatlary ýa-da genosid bolup görünýän hereketleri hem öz içine alyp biler. Täze tribunal öz kazyýet işlerinde HJK bilen ýakyndan işleşer.
Tribunalyň "Ukraina garşy agressiýa jenaýaty üçin iň uly jogapkärçilik çekmeli adamlary derňemek, jogapkärçilige çekmek we ahyrynda sud etmek" hukugy bolar.
Agressiýa jenaýatlary, başgaça aýdylanda, "liderlik" jenaýatlary, tekstde bellenilişi ýaly, "syýasy ýa-da harby hereketlere gözegçilik edip biljek ýa-da ýolbaşçylyk edip biljek adam" tarapyndan amala aşyrylýar.
Bu sanawa Russiýadaky syýasatçylar we, ähtimal, Ukrainanyň territorial bitewiligini bozmaga goşant goşan beýleki adamlar, ýagny Belarus, Eýran we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlaryň adamlary hen girizilip bilner.
Putiniň kazyýet jogapkärçiligine çekilmek meselesinde eldegrilmesizligi barmy?
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň ýakyn töweregindäkiler, iş başyndaky prezidentler, premýer-ministrler we daşary işler ministrleri üçin ulanylýan "eldegrilmesizlik üçburçlygy" diýilýän esasynda, weziplerinde işleýän wagtlarynda kazyýet jogapkärçiligine çekilmän bilýär. Bu köplenç goranmak ministrlerini hem öz içine alýar.
Bu immunitet tehniki taýdan diňe Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýatyrylyp bilner, emma Russiýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşindäki hemişelik agzalyk durumy nazara alnanda, bu formallyk akademiki häsiýete bolýar.
Kanun taslamasyna laýyklykda, tribunalda “gaýybana” geçiriljek diňlenişikler we Kabul ediljek kararlar köp boljaga meňzeýär.
Kazyýet takyk näme eder?
Esasy topar ýurtlary 2023-nji ýyldan bäri, Ukraina bilen bilelikde, subutnamalary ýygnaýar, şu sebäpden bu işler eýýämden gowy ýola goýuldy we gowy alnyp barylýar. Bu, 40-a golaý ýurt bilen, şol sanda ÝB-ne agza bolan 27 döwletiň Wengriýa bilen Slowakiýadan başga aglaba köplügini, G7 toparynyň agzalarynyň ýakynda bu çäre goşuljakdygyny yşarat eden ABŞ-dan başgasyny, beýleki Ýewropa Geňeşi ýurtlaryny öz içine alyp, “isleg bildirýänleriň kanuny koalisiýasy” ýaly bir zada öwrüldi. Bu herekete islendik döwlet islendik wagtda goşulyp biler.
Forum