Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda 3,1 magnituda ululygynda ýer yrandy


Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

Balkan welaýatynda 4-nji martda 3,1 magnituda ululygynda ýer yrandy. Bu barada ýer titremeleri hasaba alýan volcanodiscovery.com web sahypasy habar berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň 124 kilometr günbatarynda, Hazar deňzinde bolan ýer yranmasy daňdan sagat 03:03-de hasaba alyndy.

“Ýer yranmasy o diýen çuňlukda bolman, deňziň 13,7 kilometr aşagynda boldy we yranma duýulmady (ýa-da iň bolmanda duýlandygy barada habar berilmedi)” diýip, neşir 4-nji martda çap eden maglumatynda belleýär.

Türkmen metbugaty ýurduň çägindäki tebigy hadysalar, şol sanda ýygy-ýygydan bolýan ýer yranmalary, mümkin bolan weýrançylyklar we adam pidalary hakynda ilata maglumat bermeýär.

Habarçylarymyz geçen ýylyň 28-nji sentýabrynda Balkanda bolan ýer titremäniň sebitiň birnäçe ýerinde duýlandygyny habar berdiler.

Şonda ýer titremeleri hasaba alýan earthquaketrack.com web sahypasynda çap bolan maglumatda Balkanda dörän ýer yranmasynyň Gyzylarbat şäherinden 21 kilometr uzaklykda bolup, onuň güýjüniň 4,6 magnituda ululykda hasaba alnandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG