Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji maýda resmi sapar bilen Fransiýada bolup, prezident Emmanuel Makron bilen duşuşdy. Bu saparyň netijeleri boýunça halkara habar agentlikleri bilen Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki medianyň çap eden suratlarynda, Berdimuhamedowyň şekiliniň tapawutlydygyny, ýagny döwlet mediasynyň onuň ýüzüni timarlandygyny görse bolýar.
Bu türkmen häkimiýetleriniň ýyllar boýy ulanýan tejribesinden, köp sanly mysallaryň birisi. Olar öz awtoritar ýolbaşçysynyň işlerini bezemek üçin, surat şekillerine düzediş girizýärler.