2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çeçen söweşijileri Orsýetiň Demirgazyk Osetiýa respublikasynyň Beslan şäherinde orta mekdebe hüjüm etdiler. Olar 1100 adamy, şol sanda mugallymlary, okuwçylary we olaryň garyndaşlaryny zamun aldylar we zamunlary boşatmak üçin şert hökmünde federal güýçleriň Çeçenistandan çykarylmagyny talap etdiler. Zamun alyşlygyň üçünji güni Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri bina hüjüm edip, söweşleriň netijesinde zamunlykdaky 330-dan gowrak adam, şol sanda 186 çaga wepat boldy.
Beslan tragediýasynyň ýyl dönümi

13
Ene-atalar Beslanyň gonamçylygynda.

14
Gyzlar zamun alyşdan üç gün geçensoň ýitirim hasaplanan çagalaryň suratlarynyň öňünde.

15
Sud işgäri Beslandaky zamun alyşa gatnaşan we ele salnan ýeke-täk söweşiji Nurpaşi Kulaýewiň sud edilen wagtynda gepleýän zenany köşeşdirmäge synanyşýar, Wladikawkaz, 19-njy maý, 2005.

16
Beslandaky zamun alyşlyga gatnaşan we ýeke diri galan söweşiji Nurpaşi Kulayew 2006-njy ýylyň 26-njy maýynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.