ABŞ prezidenti Donald Trampyň geňeşçileri Russiýa garşy girizilen sanksiýalary gowşatmak boýunça meýilnamalary işläp düzýär diýip, 'Bloomberg' öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Maglumata görä, göz öňünde tutulýan üýtgeşmeler esasan rus nebitine garşy girizilen çäklendirmelere degişlidir.
'Bloomberg' 7-nji martda Ak tamyň Günbatar kompaniýalaryna bir barreline 60 dollardan ýokary baha tölenip, satyn alnan rus nebitiniň daşalmagyny hem-de ätiýaçlandyrylmagyny gadagan edýän ‘baha çäklendirmelerini’ ýatyrmagy ara alyp maslahatlaşýandygyny habar berdi.
'Bloombergiň' we 'Reutersiň' çeşmeleri sanksiýalaryň gowşadylmagynyň Russiýanyň Ukraina bilen arada parahatçylyk ylalyşygy bilen razylaşmagyna garaşly boljakdygyny aýdýarlar. 'Reutersiň' çeşmeleri Waşingtonyň sanksiýalary Kremliň eglişigi bolmazdan, şertsiz aýyrmagy meýilleşdirmeýändigini aýdýarlar.
Tramp 7-nji martda, eger Russiýa Ukraina garşy duşmançylygy bes etmegi ret etse, oňa garşy ýiti sanksiýalaryň giriziljekdigi bilen haýbat atdy.
Bu aralykda, 'Bloomberg' Russiýanyň henize çenli parahatçylyk ylalaşygy boýunça eglişik alamatlaryny mälim etmändigini aýtdy. Ýöne, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow mundan ozal Tramp administrasiýasynyň Ukrainadaky hereketleriniň “dogry ädimler” bolandygyny aýdypdy.