ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, 18-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly gürleşmegi planlaşdyrýandygyny we Ukrainadaky söweşde ot atyşlygy bes etmegi teklip etjegini, munuň iki tarapda esgerleriň we serişdeleriň ýitgisine sebäp bolandygyny aýtdy.
"Men sişenbe güni prezident Putin bilen gürleşerin. Dynç günleri köp işler edildi" - diýip, Tramp 16-njy martda giçlik Florida ştatyndaky dynç alyşyndan Waşingtona gaýdyp barýarka žurnalistlere aýtdy.
"Biz bu urşy bes edip biljekdigimizi görmek isleýäris. Belki başararys, belki edip bilmeris, ýöne meniň pikirimçe gaty gowy şahsymyz bar" - diýip, Tramp belledi.
Ot atyşlygyň bes edilmegi üçin zerur bolup biljek ýeňillikler barada soralanda, Tramp "ýer hakda, elektrik stansiýalary barada gürleşeris" diýdi.
ABŞ-nyň prezidenti: "Meniň pikirimçe, bu barada eýýäm iki tarap, Ukraina we Russiýa tarapyndan gaty köp ara alnyp maslahatlaşyldy. Biz eýýäm käbir emläkleri bölmek barada gürleşýäris" diýdi.
Kreml tarapyndan dessine düşündiriş bolmady.
Tramp, ikinji möhletiniň ilkinji aýlarynda Ukrainadaky üç ýyllyk söweşde ýaraşyk şertnamasyny baglaşmagy ileri tutdy.
Saud Arabystanynda 11-nji martda gepleşik geçirenden soň, Ukrainanyň we ABŞ-nyň resmileri Kiýewiň Russiýa ylalaşsa 30 günlük ot atyşlygy bes etmek teklibine razydygyny habar berdiler.
Moskwa şu wagta çenli bu meselede gaty sowuk reaksiýa bildirdi, Putin goşmaça şertleri, şol sanda ABŞ-nyň Kiýewe ýarag üpjünçiligini doňdurmagy teklip etdi.
Bu aralykda, Russiýanyň ýokary derejeli resmisi Moskwanyň Ukrainanyň NATO-a goşulmagyna ýol berilmezligi we islendik parahatçylyk şertnamasynda "bitarap" galmagyny talap etjekdigini aýtdy.
Kremliň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan çozuşyny delillendirmek üçin ulanan nägileliklerinden biri, Ukrainanyň NATO agza bolmak islegidi. Bu Kiýewiň esasy talaplaryndan biri bolmagyna galýar.
14-nji martda Putin islendik şertnamanyň urşuň "düýp" sebäplerini çözýän uzak möhletli parahatçylyga alyp barmalydygyny aýtdy, bu bolsa NATO-nyň giňelmegine we Putiniň aýdyşy ýaly Russiýanyň howpsuzlygyny howp astyna salýan beýleki özgerişliklere salgy berýär.
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko 17-nji martda çap edilen Russiýanyň “Izwestiýa” gazetine beren interwýusynda "demir howpsuzlyk kepillikleriniň bu şertnamanyň bir bölegine öwrülmegini talap ederis" - diýdi.
"Bu kepillikleriň bir bölegi Ukrainanyň bitarap statusy, onuň NATO ýurtlarynyň bileleşigine kabul edilmezligi bolmaly" diýip, Gruşko aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Kiýewiň islendik parahatçylyk şertnamasyny kabul etmegi üçin onuň günbatar hyzmatdaşlaryndan Ukraina üçin howpsuzlyk kepillikleri bilen gelmelidigini, şol sanda NATO agza bolmagyny öňe sürdi.
"Men Ukrainanyň NATO agza bolmagyny isledim, ýöne jogaplaryň nähili bolandygyny bilýärsiňiz" - diýip, fewral aýynda Zelenskiý Günbatar harby bileleşigine girmek ýolunyň böwetli galýandygyna yşarat etdi.
16-njy martda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio CBS telekanalyna beren interwýusynda gutarnykly parahatçylyk şertnamasynyň "köp zähmeti, Russiýanyň we Ukrainanyň eglişiklerini öz içine aljakdygyny" aýtdy we "biri-birine ok atyşýarka" şeýle gepleşiklere başlamagyň kyn boljakdygyny belledi.
Bu aralykda, Zelenskiý 16-njy martda harby ýolbaşçylygyny silkip, general-maýor Andriý Hnatowy Ukrainanyň Baş ştabynyň täze başlygy edip belledi, general-leýtenant Anatoly Barhilewiç Kiýewiň reformalary çaltlaşdyrmak boýunça tagallalarynyň çäginde wezipesinden çetleşdirildi.
Söweş meýdanynda rus goşunlary 16-njy martda Kiýewde pilotsyz uçar hüjümini amala aşyrdy, Ukrainanyň paýtagtynyň dürli etraplarynda partlamalar eşidildi.
Şäheriň häkimi Witaliý Kliçko howa goranyş bölümleriniň pilotsyz uçarlara garşy çäre görýändigini aýdyp, ýaşaýjylara “gaçybatalgalarda galmagy” duýdurdy.
Sumy sebitinde häkimiýetler Russiýanyň pilotsyz uçaryndan partlaýjy serişdeler gaçyp, Bilopillia obasynda ýaşaýyş jaýynyň minomýotdan oka tutulmagy zerarly bir adamyň wepat bolandygyny we iki adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.
Russiýanyň Kursk sebitinde rus goşunlary ukrain goşunlaryny geçen awgustda serhetaşa haýran galdyryjy hüjümde basyp alan ýerlerinden gysyp çykarmak boýunça hereketlerini dowam etdirdiler.
Iň soňky çaklamalara görä, 110 inedördül kilometri ukrain güýçleriniň gözegçiliginde galýar, geçen ýyl bu meýdanyň ululygy 1400 inedördül kilometre barabardy. Sebitde gazaply söweşler barýar we iki tarapyň berýän maglumatlaryny tassyklamagy kynlaşdyrýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum