Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2025-nji ýyyň 1-nji çärýeginde Russiýa syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 41% azaldy

Russiýa işlemäge baran türkmenistanlylaryň Moskwanyň Ukrainadaky urşuna hakyna tutma bolup gatnaşýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri dürli bahanalar bilen Russiýa barýan raýatlaryň öňüni baglap başladylar.

2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistandan Russiýa syýahata gelenleriň sany 41% azalyp, 9 müň 290 adama deň bolupdyr. Bu barada Interfaks agentligi Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanda ençeme ýyl bäri yzygiderli köpelýän işsizligiň arasynda türkmen raýatlary, şol sanda syýahatçylyk wizasyny alyp, Russiýa köpçülikleýin işlemäge gidip başladylar. Muňa Türkiýäniň Aşgabadyň talaby esasynda bu ýurda barýan türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizmegi hem sebäp boldy.

Russiýa işlemäge baran türkmenistanlylaryň Moskwanyň Ukrainadaky urşuna hakyna tutma bolup gatnaşýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri dürli bahanalar bilen Russiýa barýan raýatlaryň öňüni baglap başladylar.

Ukrainanyň “Hoçu Žit” (“Ýaşamak isleýärin”) döwlet proýektiniň şu aýyň başynda çap eden maglumatynda, Ukrainadaky urşa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleri bilen şertnama baglaşan Türkmenistanyň azyndan 170 raýatynyň adyny anyklady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri Ukrainadaky urşy asla agzamaýşy ýaly, ýurduň raýatlarynyň bu konflikte gatnaşýandygy baradaky habarlara hem hiç hili resmi reaksiýa bildirmeýärler.

XS
SM
MD
LG