Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Odesa uly “Şahed” zarbasyny urdy: ölen we ýaralanan adamlar bar


Rus goşuny 1-nji maýa geçilýän gije Odesa "Şahed" dronlary bilen uly zarba urdy. Ýerli häkimiýetler ölen we ýaralanan adamlaryň bardygyny habar berýärler.

Rus pilotsyz uçarlarynyň Odesa eden hüjümi netijesinde iki adam ölüp, bäş adam ýaralandy diýip, Odesa sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Kiper aýtdy.

"Duşman hüjümi köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna, hususy jaýlara, supermarketlere, mekdebe we awtoulaglara zyýan ýetirdi. Käbir ýerlerde ýangyn turdy, halas edijilerimiz olary öçürdi. Urlan zarba netijesinde iki adam öldi we bäş adam ýaralandy. Lukmanlar ejir çekenlere zerur bolan ähli kömegi berýärler” diýip, ol ýazdy.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň beren deslapky maglumatlara görä, 15 adam ýaralandy. Halas edijiler zyýan ýeten köp gatly binalaryň birinden 200-den gowrak ýaşaýjyny ewakuasiýa etdi.

XS
SM
MD
LG