Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Metbugat azatlygy hasabatynda ýene yzdaky orunda galdy


Türkmen nesşirleri
Türkmen nesşirleri

“Serhetsiz habarçylar” (RSF) guramasy dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça taýýarlaýan ýyllyk hasabatyny çap etdi. 2025-nji ýylyň hasabatynda Türkmenistan ýene metbugat azatlygy boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýar.

Guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň başlygy Žanna Kawalýeniň (Jeanne Cavelier) “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirine beren düşündirişinde bellemegine görä, Türkmenistan syýasy görkeziji boýunça ýene-de iň yzdaky orny, 180 orundan 180-nji ýeri eýeledi, bu häkimiýetleriň maglumata doly gözegçilik, kontrollyk edýändigini aňladýar.

Şeýlelikde, ýurduň metbugat azatlygy boýunça alan umumy bahasy 3 dereje aşak gaçdy diýip, bilermen aýtdy.

Şeýle-de, Kawalýe metbugatyň Türkmenistanda režimiň bähbitlerine hyzmat edýän witrina öwrülendigini aýtdy.

Bu hasabat Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky binasynda media we maglumat sowatlylygy boýunça çuňlaşdyrylan okuwyň geçirilen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bu okuwa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy institutlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmen DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda çap edilen habarda aýdylmagyna görä, 30-njy aprelde başlanyp, 1-nji maý tamamlanan iki günlük okuw žurnalistleriň we döwlet gullukçylarynyň maglumat sowatlylygyny, milli hünärmenleriň žurnalistik başarnyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilipdir.

Bilermenler media sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça gymmatly maslahatlary berdiler, okuw sapagy sowal-jogap esasynda, täsirli geçdi diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Türkmenistan metbugat azatlygyny ýowuz çäklendirmekde we garaşsyz žurnalistleri, blogçylary, şol sanda sosial mediada pikirini aýtmaga çalyşýan raýatlary yzygiderli gorkuzmakda tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG