Aşgabadyň “Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň 2 km-ä golaý bölegi gurluşyk işleri sebäpli ýapyldy. Bu şaýoly giňeltmek, onuň ugrunda ýagtyldyş sütünlerini oturtmak boýunça geçiriljek ýol-gurluşyk işleri 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek “Aziýa oýunlaryna” görülýän taýýarlyklaryň çäginde alnyp barylýar.
'S.Türkmenbaşy' şaýoly ýapyldy

1
Iýunyň 1-den 2-ne geçilýän gije gürrüňi gidýän şaýoluň demirgazykda “Oguzhan”, günortada “10 ýyl abadançylyk” köçeleri bilen çatryklarynyň arasy petiklendi.

2
Şaýoluň ýapyljakdygy hakynda aprel aýynyň başlarynda “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetlerinde habar berildi.

4
Şaýoluň agzalan böleginiň ýapylmagy “Parahat” mikroraýonlarynyň ýaşaýjylaryna işe, okuwa gatnamakda, paýtagtyň beýleki edaralaryna gitmekde kynçylyklary döredendigi bellenilýär.

5
“Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýolunyň ýapylan böleginde gurluşyk işleriniň haçan tamamlanjakdygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.