Awgust aýynda mekdep esbaplary bazarlaryň we dükanlaryň esasy assortimentleriniň birine öwrülýär. Ýurtda mekdep esbaplarynyň söwdasy açylýar. Söwdagärler bu möwsüme ýörite taýýarlyk görýärler. Aýyň başynda hususy dükanlaryň tekjeleri mekdep okuwçylaryna gerek bolan egin-eşikleri, okuw esbaplary bilen doldurylýar.
Adatdaky bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda, awgust aýynyň ahyrynda Aşgabadyň dürli künjeklerinde döwlet tarapyndan guralýan mekdep bazarlary hem açylýar. Geçen hepde döwlet tarapyndan guralan mekdep bazarlarynyň birnäçesi Aşgabat şäherinde açyldy. Bu möwsümde söwda has-da gyzgalaňly gidýär.
Käbir statistik maglumatlara görä, Aşgabatda 80-den gowrak dürli görnüşli orta mekdepler bolup, olarda 90 müňe golaý okuwçy okaýar. Şolaryň aglabasyny mekdep bazary geýindirýärem, okuw esbaplary bilen üpjünem edýär. Bu girdejili biznes. Sebäbi Türkmenistanda her bir maşgalanyň çagasy hökman orta bilim alaýmaly.
Bu ýagdaý kiçi we orta biznesi ösdürip biljek. Ýöne mekdep bazarlaryndaky okuw esbaplarynyň köpüsi daşary ýurt öndürjileriniňki. Ilkibada, türkmen dilinde ýazylan, Türkmenistan bilen bagly illýustrasiýalar arkaly bezelen umumy depderler we gündelikler ýurduň içinde öndürilen ýaly bolup görünýär. Emma olaryň ahyrky sahypalarynda Belarussiýada ýa-da Ukrainada öndürilendigi baradaky ýazga gözüň düşýär.
— Biziň telekeçilerimiz bu ýagdaýdan peýdalanmaga howlukmaýarlar. Belki olara päsgel berilýän bolmagy-da mümkin — diýip, «Altyn asyr» bazarynyň satyjysy Ýazguly aýdýar. —Häzir ýurduň mekdep esbaplarynyň bazaryndaky harytlaryň aglabasy Hytaýda, Orsýetde, Ukrainada hem-de Belarussiýada öndürilen. Hususan-da, kanselýar harytlar babatynda şeýle. Dogry, türkmen öndürijileriniň harytlary hem bar. Emma olaryň möçberi az. Hem-de olar hil taýdanam pesräk. Ýüzündäki ýazgylar türkmen dilinde bolup, Ukrainada çap edilen 2-3 manatlyk gündelikler Türkmenistanda çap edilen gündeliklerden gymmatdygyna garamazdan, köp satyn alynýar. Sebäbi olaryň hili gowy. Onsoňam, çagalar owadan illýustrasiýalar bilen bezelen umumy depderlere we gündeliklere uly isleg bildirýärler — diýip, Ýazguly aýdýar.
Mekdep formasy babatynda türkmen öndürijileriniň harytlary agdyklyk edýär. Esasanam, bu ýagdaý gyzlaryň mekdep formasynyň diňe Türkmenistanda öndürilýändigi bilen bagly. Şeýle-de, zähmet sapaklary üçin formalar hem türkmen kärhanalarynda öndürilýär. Emma oglanlaryň geýýän mekdep formasy babatynda hytaýlylaryň tekstil senagatynyň önümleri gowy geçýär. Olaryň bahasy arzanrak.
Mekdep bazarlarynyň müşderileri, mekdep okuwçylarynyň ene-atalary hem bu möwsüme öňünden taýýarlanýarlar. Ene-atalar awgustyň aýlyklarynyň agramly bölegini öz çagalaryna mekdep esbaplaryny satyn almaga harç edýärler. Geçen aýyň zähmet hakynyň hem belli bir möçberini onuň üstüne goşýan maşgalalar az däl. Aşgabadyň ýaşaýjysy Güljemal Amanowa 1-nji sentýabrda biri 2-nji klasa, beýlekisi 3-nji klasa gitmeli ogullarynyň mekdep esbaplary üçin jemi 330 manat harç edipdir. Ol özüniň söwdasy barada şeýle gürrüň berdi:
—Ogullarymyň mekdep formasy üçin 210 manat harç etdim. Rýukzaklaryny 70 manada satyn aldym. Okuw esbaplary üçin 50 manat sowdum. Ýene-de olaryň sport we zähmet sapagy üçin ýörite formalaryny hem satyn almaly. Elbetde, hili gowy mekdep formasy hem-de okuw esbaplary ýurduň içinde öndürilýän bolsady, onda beýle çykdajylar bolmazdy.
Döwlet tarapyndan guralan mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli dowam edýär. Ýurt boýunça mekdep bazarlary 1 milliona golaý türkmenistanly mekdep okuwçylaryny geýindirmeli hem-de olary mekdep esbaplary bilen üpjün etmeli.
Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Aşgabatda mekdep bazary