Aşgabatda orta mekdepleriň 7, 8, 9-njy synp okuwçylary öz hasaplaryna alaja harby egin-eşik tikdirip, döşlerine Georgiý lentasyny dakyp, öňki “Baky ot”, häzirki “Halk hakydasy” ýadygärliginiň ýanynda 9-njy maýda guralan Ýeňiş dabaralaryna gatnaşdylar diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy bu taryhy sene bilen bagly syýasatyň üýtgäp durmagynyň adamlarda dürli pikirleri döredendigini habar berýär. Onuň ýerli çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, “Halk hakydasy” ýadygärliginiň ýanynda geçirilen çäreler wideo ýazgy edilip, Aşgabatdaky rus wekillerine tabşyryldy.
“Turkmenistanyň hökümeti otuz ýyldan gowrak wagt bäri Bitaraplyk statusynyň arkasynda gizlenip, içerki we daşarky syýasatyny Russiya FederasiÝasyny goldap ýöretmegini dowam etdirdi. Aşgabat ozallar bu syýasatyny boldugyça gizlin ýöredýärdi, ýöne soňky ýyllar ähli ýapyk kartlar açylyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kime gulluk edip, kime tabyn bolandygy bütin dünýä aýan boldy” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy öz pikirini aýtdy.
Degişli maglumat Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'Onuň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri mundan öň raýatlaryň döşlerine Georgiý lentasyny dakyp, aç-açan köçä çykmaklaryna,“Ölmez polk” ýörişlerine gatnaşmaklaryna, beýleki sowet nyşanlarynyň wagzyna iş ýüzünde garşy durmaga çalyşýardy.
Biraz yza seretsek, Türkmenistan 2012-nji ýylda “Beýik Watançylyk urşy” adalgasyny ulanmagyny bes edip, gürrüňi edilýän gowgany “1941-1945-nji ýyllaryň urşy” diýip atlandyryp başlady, 2013-nji ýylda bolsa Aşgabadyň merkezinde uruşda wepat bolan türkmenistanlylaryň hormatyna dikeldilen “Baky ot” ýadygärliginiň oduny öçürip, soň ony şäheriň daşyna göçürdi.
Ýöne, 2020-nji ýylda, 1941-45-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bellenende Moskwadan Aşgabada Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi-de, ýagdaý üýtgedi diýip, Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň adynyň ebedileşdirilmeginiň taryha täzeçe seredilmegini togtadandygyny öňe sürdi.
Degişli maglumat Beýik Watançylyk urşumy ýa-da stalinçileriň agyr jenaýatçylygy?Onuň pikiriçe, geçen uruş baradaky hakykat beýan edilende, garaşsyz ýurt hökmünde, Türkmenistan taryhy faktlara Moskwanyň gözi bilen däl-de, Aşgabadyň gözi bilen, halkara tejribeleri esasynda seretmeli.
"Garaşsyz ýurt bolup, garaşsyz döwlet bolup, öz taryhyňyz başga ýurda seredip, oňa ýaranjak bolup, taryhyňyz üýtgedip ýörmeli däl. hakykaty ýazmak gerek öz taryhyň barada" diýip, Hanamow telefon gürrüňinde aýtdy.
Russiýada, beýleki post sowet ýurtlarynda Ikinji Jahan urşunyň başlanmagynyň sebäpleri, bu uruşda şol wagtky sowet lideri Iosif Staliniň we nemes lideri Adolf Hitleriň oýnan rollary, 1945-nji ýylyp 8-mji, 9-njy maýynda gazanylan Ýeňişde koalisiýa ýurtlarynyň beren harby we beýleki kömekleri barada soňky 30 ýylda köp täze maglumat çap edildi, ýöne Türkmenistan bu meselede yza galdy diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly mugalym hem Hanamowyň pikirini goldady.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda häzir uly klas okuwçylary hem Ikinji Jahan urşy we onuň sebäpleri barada gaty az zat bilýär, olara ýeterlik düşünje berilmeýär.
Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň fonunda Sowet Soýuzynyň gitlerçi Germaniýa bilen uruşda gazanan ýeňşi Kreml tarapyndan rus ýaragynyň kuwwaty hökmünde wagyz edilýär diýip, dynç alyşdaky mugallym aýtdy.
Degişli maglumat "Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin..."“Rossiýa segodnýa” metbugat merkeziniň maglumatyna görä, Ýeňşiň 80 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde Russiýada we daşary ýurtlarda “Ölmez polk” ýörişlerine millionlap adam gatnaşdy.
“Ölmez polk” ýörişleri Russiýanyň 57 sebitinde geçirilip, olara 7 milliondan gowrak adam gatnaşdy, iň uly ýöriş Sankt-Peterburgda geçirildi, oňa 1,1 milliondan gowrak adam gatnaşdy” diýip, rus metbugaty habar berýär.
Maglumat üçin aýdylsa, prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony 9-njy maýda Moskwada guralan Ýeňiş dabaralaryna gatnaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsim
leriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.