Germaniýada täze hökümetiň migrasiýa syýasatyny berkidip, goňşy ýurtlar bilen serhetde polisiýa barlaglaryny güýçlendirip başlamagynyň yz ýany, Polşada ýaşaýan türkmenistanly migrantlar özleriniň bu ýurt bilen arada hereket mümkinçilikleriniň çäklenendigini aýdýarlar.
Olar hususan-da türkmen wekilhanalarynyň Germaniýada ýerleşmegi sebäpli, galyberse-de amatly Aşgabat – Frankfurt gatnawlary bilen baglylykda, Polşa bilen Germaniýanyň arasynda päsgelçiliksiz gelim-gidimiň saklanyp galmagyny isleýärler.
“Biz öňler dokumentlerimiz ýanymyzda bolsun, ýa-da bolmasyn, tapawudy ýok, Polşanyň islendik şäherinden awtobusa münüp, ýa-da otluda Germaniýanyň Frankfurt şäherine aşyp bilýärdik” diýip, bir türkmenistanly migrant aýdýar we häzirki wagtda Germaniýada serhet gözegçiliginiň artdyrylmagy bilen, bu ýagdaýyň kynlaşandygyny belläp sözüniň üstüni ýetirýär.
Germaniýanyň migrasiýa syýasaty berkeýär
Şu aý Germaniýada kansler wezipesine saýlanan Fridrih Mersiň konserwatiw hökümeti, beýleki käbir üýtgeşmeler bilen bir hatarda, ýurduň migrasiýa syýasatyny berkitmegi wada berýär.
Ýurduň içeri işler ministrligi şengen ýurtlar bilen arada serhet gözegçiligini berkidip, resminamalary düzüw bolmadyk daşary ýurt migrantlarynyň, hatda bosgunluk sorap barýan adamlaryň öz territoriýasyna girmegini çäklendirip başlady.
Beýleki köp sanly ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende Polşada ýaşaýan türkmen migrantlarynyň sany köp bolup, media maglumatlaryna görä, diňe 2022-nji ýylyň özünde bu ýurt 2 müň 300 çemesi türkmenistanla iş wizasyny berdi.
Olar özleriniň Türkmenistan bilen aragatnaşygyny esasy Germaniýanyň üsti bilen saklap galýardylar. Sebäbi, Polşada türkmen wekilhanalary ýok, galyberse-de, bu ýurt bilen Türkmenistan arada göni uçar gatnawlary ýola goýulmadyk. Ýöne Türkmenistanyň Germaniýanyň Berlin şäherinde ilçihanasy, Frankfurt şäherinde konsulhanasy bar, galyberse-de “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy hepdede iki gezek, çarşenbe we şenbe günlerinde Aşgabat – Frankfurt aralygynda kadaly uçuşlary amala aşyrýar.
Degişli maglumat Polşadaky türkmen migrantlary iş saparlarynda aldawyň pidasy bolýarGündogar Ýewropa ýurdunda ýaşap, taksiçilik bilen meşgullanýan bir türkmenistanly migrant özüniň ýaňy-ýakynda Germaniýa elten ildeşleriniň arasynda serhetde nemes polisiýasy tarapyndan saklanyp, jerime salnan, ýa-da deportasiýa merkezine äkidilip, bäş ýyl möhlet bilen Germaniýa girmegine gadaganlyk girizilen türkmenistanlylaryň bolandygyny aýdýar.
DW neşirine görä, Germaniýanyň içeri işler ministrligi serhet barlaglaryny güýçlendirmek tagallalarynyň çäklerinde, bir müň sany polisiýa işgärini serhet gözegçiligine çekýär. Şol bir wagtda, täze düzgüniň güýje girizilmeginiň yz ýany, bu ýurtda bosgunlyga ýüz tutmakçy bolýan adamlaryň yza gaýtarylmagy bilen bagly hadysalar iki esse artypdyr.
Nemes metbugaty Germaniýanyň Polisiýa Bileleşigine salgylanyp, pugta düzgünleri uzak möhletde dowam etdirmegiň mümkin däldigini, polisiýa işgärleriniň ýetmezçilik edýändigini aýdýar. Galyberse-de, Bileleşik häzirki režimiň işgärleriň dynç alyş rugsatlarynyň hem-de okuw türgenleşikleriniň ýatyrylmagynyň öwezine guramalaşdyrylýandygyny belleýär.
Her niçik-de bolsa, täze düzgünler Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan türmenistanly migrantlaryň aladasyny artdyrdy.
Germaniýadan 'sowlup geçmeli'
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ýewropada ýaşaýan birnäçe türkmen migrantyna salgylanyp, öňler Türkmenistana dolanmak üçin, Aşgabat – Frankfurt uçar gatnawlaryny saýlap alýan türkmenistanlylaryň, serhet barlaglarynyň pugtalandyrmagynyň arasynda, başga ugurlara ýykgyn edip başlandyklaryny aýdýar.
“Käbir adamlar Slowakiýa, ýa-da Awstriýa baryp, şol ýerlerden Türkmenistana uçup başladylar, beýlekiler bolsa, özbek wizasyny alyp, ilkibaşda Daşkende baryp, ol ýerden gury ýer serhediniň üsti bilen Türkmenistana gidip başladylar” diýip, türkmenistanly migrant Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Mundan ozal, Polşanyň öz çäginde türkmen wekilhanasynyň açylmagy boýunça haýyş bilen Aşgabada ýüz tutandygy aýdylypdy.
Degişli maglumat Polşa öz çäginde türkmen konsullygynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýärÝatlatsak, geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-polýak gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, Warşawanyň Aşgabatdan Polşada türkmen konsullygyny ýa-da nokadyny açmagyny sorandygyny mälim edipdi. Ýöne soňra bu ugurda zerur işleriň durmuşa geçirilip-geçirilmändigi aýdylmady, häzirki wagtda Polşada türkmen konsullygy ýok.
Iş, okuw gözleginde öňler esasan Türkiýe ýa-da Russiýa ýaly ýurtlary saýlap alan türkmenistanlylar Ankaranyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen raýatlarynsa wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagynyň yz ýany, galyberse-de Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina goşun girizmeginden soňra, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara syýahat etmäge has köp ýykgyn edip başlapdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.