Germaniýanyň kansleri Russiýa garşy täze berk sanksiýalaryň girizilmegini aradan aýyrmaýar

Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers

Germaniýanyň hökümeti şu hepdäniň dowamynda Ukrainadaky urşy düzgünleşdirmekde “hakyky ösüş” bolmasa, Ýewropa derejesinde Russiýa garşy sanksiýalaryň düýpli güýçlendirilmegine berk çagyryş etmegi meýilleşdirýär. Bu barada 13-nji maýda Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers Berlinde çykyş etdi.

Gelejekde girizilip bilinjek täze sanksiýalar barada gürrüň edeninde, Mers energetika we maliýe pudaklaryny agzady diýip, “Nemes tolkuny” ýazýar. Germaniýanyň hökümet baştutanynyň pikirine görä, Russiýa ok atyşyklary 30 günlük şertsiz ýagdaýda bes etmek baradaky taýýarlygyny beýan etmeli.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow german resmileriniň beýanatyna jogap berip, Russiýa bilen “ultimatum dili arkaly gürleşmegiň mümkin däldigini” aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem 13-nji maýda eden çykyşynda Moskwany ok atyşyklary bes etmek düzgünine eýermedik ýagdaýynda, ýakyn günlerde Russiýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegini goldajakdygyny mälim etdi. Ol täze gadagançylyklaryň maliýe hyzmatlaryna, şeýle-de nebit we gaz pudaklaryna gönükdirilip bilinjekdigini aýtdy.