Gyrgyzystanyň Oş sebitinde suw joşguny we bulanyk akymlaryň netijeleri
Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, ölen dört adamyň; enäniň we onuň üç gyzynyň jesetleri tapyldy. Olar 14-nji iýulda Gyrgyzystanyň Oş sebitinde bolan sil zerarly ýitipdiler. Ölen iki gyzyň jesedi Özbegistanyň territoriýasynda – Andijan şäherinden çykdy.
Suratda: Oş sebitinde sil akymyndan soňky gözleg işleri
Ozgur obasyndaky ilat göçürilende hem bir adam ýogaldy.
Oşda Ak-Buura derýasy öz hanasyndan çykdy. Ol, aýratyn-da, ýerli bazary basdy.
Suratda: Oş bazarynda suw basandan soňky ýagdaý
Suratda: Oş bazarynda siliň netijeleri
Oş şäher häkimlik edarasynyň maglumatyna görä, Toloýkon etrapçasynda bulanyk akymlar ýedi ulagy äkidipdir. Şäherde jemi 134 jaýy suw basdy.
Suratda: Ak-Buura derýasy kenaryndan aşýar.
Suratda: Oş bazary silden soň
Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, 15-nji iýuldan başlap, Oş welaýatyndaky Gara-Su etrabynyň Mady, Datka we Baş-Bulak obalarynda bolan suw joşguny zerarly jemi 642 jaýy suw aldy. 9 sany sosial merkez (dört mekdep, bir çagalar bagy, iki sany hassahana, bir muzeý, bir feldşer-akuşer merkezi) zaýalandy.
Güýçli suw akymy bäş adamy ýok etdi. 44 ýaşly aýal we onuň 6, 10 we 19 ýaşly gyzlarynyň jesetleri tapyldy. Ýitenleriň bäşinjisi – 1985-nji ýylda doglan aýalyň jesedi 16-njy iýulda, Özbegistanyň Andijan şäherindäki kanaldan tapyldy.
Oş şäheriniň merkezi bazarynda 842 konteýner bolup, olardan 785 konteýneri suw basdy diýip, häkimlik edarasy habar berdi.
Bu ýyl Gyrgyzystanda ýaz-tomus möwsümi ýagynly boldy. Güýçli ýagýan ýagyşlar sebäpli, ýurduň ähli sebitlerinde diýen ýaly, wagtal-wagtal sil akymlary döredi.
Resmi maglumata görä, şu ýyl Gyrgyzystanda 230-dan gowrak palçykly akymlar hasaba alyndy. Netijede, 17 adam ýogaldy, olaryň aglaba köpüsi çagalardyr.
Mundan öň 20-nji aprelden 1-nji iýul aralygynda, palçykly akymyň 170 million somdan gowrak zyýan ýetirendigi habar berildi.