Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar

Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyndan bir pursat. Arhiwden alyndy. 11-nji sentýabr, 2024 ý.

Hindistan bilen Pakistan arada soňky hepdelerde möwç alan dartgynlylyk Türkmenistanyň bu iki ýurda gaz ibermegi nazarlaýan iri gaz geçiriji taslamasy boýunça aladalary güýçlendirdi. Synçylar soňky wakalar bilen, onsuz-da ikuçly galýan TOPH taslamasy babatynda şübheleriň berkändigini aýdýarlar.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistan onlarça ýyl bäri, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, Günorta Aziýa ýurtlaryna, Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana uly möçberlerde gaz ibermegi maksat edinýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH, ýa-da TAPI) gaz geçiriji taslamasyny ileri sürüp gelýär.

Ýöne bu sebitde soňky hepdelerde has-da möwç alyp başlan dartgynlyklar, onsuz hem howpsuzlyk we maliýe meseleleri bilen baglylykda, ikuçly çemeleşilýän iri taslamanyň geljegini soraga saldy.

Pakistan bilen Hindistan arada jedelli sebit bolmagynda galýan Kaşmiriň Hindistan böleginde 22-nji aprelde bolup geçen we onlarça hindu syýahatçysynyň ölümine getiren hüjümleriň yz ýany, Hindistan 7-nji maýda goňşy Pakistanyň çäginde birnäçe nyşanalara howa zarbalaryny amala aşyrdy.

Pakistan bu zarbalary ‘uruş hereketi’ atlandyryp, öz ýurdunyň muňa jogap gaýtarjakdygyny aýtdy. Taraplaryň arasynda dartgynlylyk möwç aldy; Pakistan Hindistanyň iki sany uçaryny urup ýykandygyny öňe sürdi; Hindistan Kaşmirde bolup geçen hüjümi “terrorçylyk” atlandyryp, Kaşmiriň Pakistan gözegçiligi astyndaky birnäçe sebitlere, şeýle-de Penjap welaýatyndaky nyşanalara “takyk zarbalary” amala aşyrandygyny aýtdy.

Garşylykly haýbatlaryň yz ýany, taraplaryň arasynda 10-njy maýda ABŞ araçylygynda ýaraşygyň gazanylandygy yglan edildi.

Çaknyşyklar 'ynam syndyrdy'

Ýöne ýadro ýaraglaryna eýe bolan iki iri ýurduň arasynda dartgynlylygyň möwjemegi bu ýurtlara gaz ibermegi maksat edinýän Türkmenistanyň iri transmilli taslamasynyň geljegine gaýtadan kölege saldy.

Energetika howpsyzlygy boýunça britan bilermeni John Roberts 16-njy maýda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Hindistanyň TAPI taslamasyna onsuz hem sowuk-sala çemeleşip gelýändigini, soňky dartgynlyklar bilen onuň Pakistanyň üstünden geçirilmegi meýilleşdirilýän taslama has-da ikuçly çemeleşip başlajakdygyny aýtdy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän "Methinks" geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni John Roberts

“Hindistan bilen Pakistan arada bolup geçen iň soňky çaknyşyklar, eýsem, Pakistanyň üstünden geçmeli gaz serişdelerini import etmegiň meselelerine garamak, hakykatdan-da, “öz gymmatyna mynasypmy” diýen sorag boýunça Hindistanda bar bolan şübheleri güýçlendirdi” diýip, Roberts aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň, Radio Maşalyň baş redaktory Dawut Hattak hem şeýle pikir bilen ylalaşyp, soňky çaknyşyklaryň transmilli energetika taslamasy bilen bagly ýagdaýlary has-da çylşyrymlaşdyrandygyny aýtdy.

“Pakistan – Hindistan meselesi barada aýdylanda, hatda parahatçylyk döwründe hem gatnaşyklar o diýen gowy däldi. Indi bolsa, 22-nji aprelde bolup geçen wakalaryň, hem-de 6-njy we 9-njy maýda günlerinde bir-biregiň gurnamalaryna edilen hüjümleriň yz ýany, meniň pikirimçe, [Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi bilen baglylykda] ýagdaýlar has-da ýaramazlaşdy” diýip, Hattak aýtdy.

Dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz käninden gözbaş aljak iri taslamanyň 2015-nji ýylyň dekabr aýynda dört ýurduň liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda düýbi tutuldy.

Otuz ýyl çemesi wagt bäri gatnaşyjy taraplar tarapyndan ileri tutulyp gelinýändigi aýdylan taslama maliýe meseleleri, galyberse-de Owganystanda ýigrimi ýyl töweregi dowam eden uruşlar sebäpli, yza çekilip gelindi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

TOPH gurluşygy başlady

Ýöne Hindistan, britaniýaly bilermene görä, aýlagdaky arap ýurtlary bilen arada suwuklandyrylan gaz satyn almak boýunça bar bolan şertnamalar bilen baglylykda, şeýle-de öz çägindäki ýangyç gorlarynyň üstüni açmak tagallalarynyň arasynda, galyberse-de Pakistan bilen arada bar bolan sowuk gatnaşyklaryň fonunda, Türkmenistandan uç aljak iri taslama onsuz hem sowuk-sala çemeleşip gelýärdi.

“Soňky bolup geçen çaknyşyklar, şu jähetden seredilende, gaty uly tapawut emele getirendir öýdemok. Bu çaknyşykylar Hindistanyň taslama babatyndaky de fakto üzňeligini mäkämleşdirdi” diýip, Roberts aýdýar.

Türkmenistan uzynlygy 1800 km çemesi boljak geçirijiniň üsti bilen ýylda 30 milliard kub metrden gowrak gaz serişdesini Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermegi maksat edinýär.

Pakistan bilen ‘Taliban’ arasynky oňşuksyzlyk

Ýöne diňe bir Pakistan we Hindistan arasynda turan dartgynlylyk däl, eýsem, Radio Maşalyň redaktoryna görä, soňky aýlarda Pakistan bilen ‘Taliban’ hökümetiniň arasynda ýaramazlaşýan gatnaşyklar hem bu taslama bilen baglylykda käbir soraglara ýol açýar. Ýogsa, ‘Taliban’ bilen Pakistan özara ysnyşykly taraplar hökmünde kabul edilýärdi, hatda ‘Taliban’ 1990-njy ýyllarda Owganystanda häkimiýetde bolanda Pakistan onuň hökümetini ykrar eden ilkinji üç ýurduň biri bolupdy. Ýöne Pakistan 2021-nji ýylda Kabulda häkimiýeti gaýtadan ele geçiren ‘Taliban’ bilen kän bir oňşup baranok.

“Taliban bilen Pakistan aradaky gatnaşyklar hem ýaramazlaşdy. Pakistanyň taýpa sebitlerinde ‘pakistan Talibanynyň’ bolmagy howpsuzlyk meselelerini döredip gelýär. Pakistan hökümeti ‘owgan Talibanyny’ olara beýemçilik etmekde aýyplaýar. Bu hem dartgynlyklara ýol açýar. Soňky birnäçe aýdyň dowamynda serhetde ‘Taliban’ we Pakistan güýçleriniň arasynda çaknyşyklar we atyşyklar bolup geçdi” diýip, pakistanly žurnalist aýdýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň baş redaktory Dawut Hattak

Onuň ynanjyna görä, häzirki ‘Taliban’, gaýtam, örän garaşylmadyk ýagdaýda we örän geň ýagdaýda hindi häkimiýetleri bilen has ysnyşykly gatnaşýan ýaly bolup görünýär.

Britaniýaly bilermene görä, TAPI taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde ‘Talibanyň’ zerur howpsuzlyk kepilligini öz üstüne alyp bilmegi esasy meseleleriň biri bolup durýar.

“Bu ýerde mesele, ‘Taliban’ hökümetiniň gowy ýa-da erbet bolanlygynda däl, eýsem, onuň öz çäginden geçmeli gaz geçirijini howpsuzlyk kepilligi bilen üpjün edip biljek derejede durnukly bolup-bolmanlygyndadyr” diýip, Roberts aýtdy.

Owgan metbugatyna görä, Pakistan bilen Hindistan arada turan çaknyşyklaryň yz ýany, ‘Taliban’ ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 8-nji maýda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň döwlet metbugaty, ýa-da Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasy bu duşuşyk barada habar bermedi.

Türkmenistan we Owganystan 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda TAPI taslamasynyň owgan böleginiň gurluşyk işlerine girişilýändigini yglan etdi. Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdy.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri şol gabatlar bu dabaralaryň göz üçin edilendigini, gurluşyk işlerine heniz girişilmändigini habar berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we 'Taliban' ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň wagtlaýyn başlygy Molla Mohammad Hasan Ahund TAPI taslamasynyň owgan böleginiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýar. 11-nji sentýabr, 2024 ý.

Eýran – Pakistan gaz geçiriji taslamasy

Pakistanda TOPH taslamasyna başga-da bir alternatiwa bar: Eýran – Pakistan gaz geçiriji taslamasy. Eýran bu taslama içgin gyzyklanma bildirip gelýär. Ol hatda bu gaz geçirijiniň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyny tamamlapdyr.

Pakistan munuň üçin Gwadardan eýran serhedine çenli bary-ýogy 80 kilometr uzynlygy bolan gaz geçiriji turbalary çekmeli.

Ýöne britaniýaly bilermene görä, Eýranda gaz serişdelerine bolan içerki talabyň ýokary bolmagy, pakistanly žurnalist Dawut Hattaga görä, Eýranyň ABŞ sanksiýalarynyň astynda galmagy bu taslamany Pakistan üçin özüne çekiji etmeýär.

“Eýranda gaz serişdelerine bolan içerki talabyň ýokary bolmagy sebäpli, onda eksport edere artykmaç gaz bardyr öýdemok. Şonuň üçin, diňe täjirçilik jähetden, hem-de Owganystanda howpsuzlyk üpjün edilip bilnen halatynda, Türkmenistanyň gaz geçiriji taslamasy [Pakistan üçin] amatly bolup durýar” diýip, John Roberts aýdýar.

Pakistanly žurnalist Eýran – Pakistan taslamasy bilen baglylykda Pakistanyň ýüzbe-ýüz galýan maliýe meselelerine ünsi çekýär.

Degişli maglumat Hindistan Pakistanyň territoriýasyna zarba urdy, iki tarap hem asuda ilatyň ýitgileri barada habar berýär

“Eýranyň ABŞ sanksiýalarynyň astynda bolmagy Eýran-Pakistan gaz geçirijisiniň öňündäki ulurak päsgelçilikleriň biri bolup durýar. Pakistan islese-de öz çäginde işi dowam etdirip bilmeýär. Bu gaz geçirijiniň eýran bölegi bireýýäm tamamlandy, indi bolsa, Eýran her duşuşykda Pakistandan taslamanyň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna başlamagy soraýar. Ýöne, Pakistan köplenç ýa maliýe meselelerine, ýa-da howpsuzlyk meselelerine salgylanyp, bu taslamanyň öz çäginden geçýän bölegine heniz başlamady” diýip, Hattak aýdýar.

Media maglumatlaryna görä, TAPI taslamasynyň umumy bahasy birnäçe ýyl mundan ozal 10 milliard dollar hökmünde kesgitlenipdi. Şeýle-de, bu taslamasynyň üsti bilen iberiljek gazyň 42 göteriminiň Pakistana, 42 göteriminiň Hindistana, 16 göteriminiň bolsa, Owganystana niýetlenýändigi, galyberse-de, Owganystanyň üstaşyr hyzmatlar üçin bu taslamadan ýylda 500 million dollar girdeji gazanmagy göz öňünde tutýandygy aýdylýar.

“British Petroleum” nebit-gaz kompaniýasyna görä, Türkmenistan ätiýaçdaky gaz gorlarynyň göwrümi boýunça, 13, 6 trillion kub metr gaz bilen, dünýäde öňde baryjy ýurtlaryň hatarynda galýar. Bu mukdar dünýäniň gaz gorlarynyň 7,2 göterimini emele getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.