Gitlerçi Germaniýa bilen bolan uruşda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralar Türkmenistanda metbugatyň, taryhçylaryň sowet döwrüne mahsus uruş propagandasyndan çykman galmagynyň mümkin bolan sebäpleri baradaky soraglary ýene bir gezek gün tertibine getirdi. Azatlygyň habarçylary II Jahan urşunyň başlanmagynyň hakyky sebäpleri we garaşsyz türkmen döwletiniň millionlarça adamyň ölümine, horlugyna getiren ýagdaýlaryň açyk maslahatlaşylmagyna ýol bermezligi barada indi ilat arasynda barha kän soragyň döreýändigini habar berdiler.
Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, soky onýyllyklarda internet elýeterliliginiň 1990-njy ýyllaryň başyndakysyndan has gowulaşmagy, daşary ýurtlara çykan türkmenistanlylaryň sanynyň ozal görülmedik derejede köpelmegi II Jahan urşy, onuň düýp sebäpleri baradaky düşünjeleriň giňemegine, özara pikir alyşmalaryň köpelmegine getirýär.
Ýöne, sowet döwründe edebiýat, sungat eserleriniň esasy temasyna öwrülen uruş baradaky hakykat, metbugata edilýän berk gözegçilik sebäpli, türkmen halkyna entek bölekleýin hem açylyp görkezilmeýär diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar. Şol bir wagtda, bu meselede başgaça pikirlenme synanyşygynyň hemişe bolandygyny aýdýanlar hem bar.
XX asyr türkmen edebiýatynyň "taryhy"
“Stalinçiligi paş eden sowet lideri Nikita Hruşewiň maýylganlyk döwründe we soň edebiýata gelen şahyrlar 30-njy ýyllaryň goşgularyna, "Alan ýurduň gutly bolsun, bolşewik“ diýen ýaly odalara gülüp, II Jahan urşy temasyna has çynlakaý çemeleşmäge çalyşdylar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen edebiýatçy 1960-njy ýyllardan soňky “uruşly goşgulary” “buzuň çat açmagynyň” başynda goýýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'Ýöne ol TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň "XX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy” diýen at bilen çykaran kitabynda, hususan-da onuň "Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň edebiýaty” diýen bölüminde esasan “köne pikirlenişiň” saklanyp galandygyny belledi.
2011-nji ýylda çap edilen işiň birinji kitabynyň başynda aýdylmagyna görä, "1939-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän ikinji imperialistik urşa SSSR-iň gatnaşmagy bilen onuň basybalyjylyk häsiýeti azat edijilik häsiýetine öwrüldi”. Ýöne bu urşuň stalinçi SSSR bilen gitlerçi Germaniýanyň ýaranlygynda, polýak topraklaryny we beýleki ýurtlary basyp almakdan başlanandygy indi hiç kim üçin syr däl.
Azatlygyň söhbetdeşi türkmen alymlarynyň öz ylmy işlerinde diňe döwlet senzurasynyň rugsat berýän çäklerinde pikir ýöredýändigini, şondan aňryk geçip bilmeýändigini belledi. Şonuň bilen bir wagtda, onuň pikiriçe, häzir edebiýatçy alymlar hem, ýazyjy-şahyrlar hem uruş temasyndan döredilen çeper eserlere biraz başga gözden seredýän bolmaly. Şeýle- ýagdaýda, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, mekdep okuwçylary üçin ýazylýan gollanmalarda ozalky ýöntem propagandanyň gaýtalanmagyny diňe häkimiýetleriň syýasy erki bilen düşündirip bolar, bu ýurduň, yzdan gelýän nesilleriň peýdasyna däl diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Eger isleseler, bu meselede täze düşünjeli ýaşlaryň edip biljek işi az däl, internetde, bolmanda anonimlik şertlerinde, uruş propagandasynyň getirýän betbagtçylyklary baradaky pikirlerini paýlaşan adamlar ol ýa-da beýleki görnüşdäki ýaragly konfliktlere goşulyp, olaryň gurbany bolup biljek türkmenistanlylaryň azalmagyna belli bir derejede kömek edip bilerdi.
Degişli maglumat “Hoçu Žit” proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýatyny anykladyEdebiýatçynyň pikiriçe, açyk pikir alşylmagy, dürli pikirleriň aýdylmagy jemgyýetçilik pikiriniň ösmegi, giňemegi we çuňlaşmagy üçin zerur; bu häzir käbir ýurtlarda güýçlenen uruş propagandasy bilen baglylykda, öz ýaş adamlaryny ýalňyş ýoldan alyp galmak isleýän döwletler üçin möhüm bir meselä öwrüldi.
“Beýik Watançylyk urşumy” ýa-da...
1970-nji ýyllaryň aýagynda, 80-nji ýyllaryň başynda edebiýata gelen ýaşlar Gurbannazar Ezizowyň uruş temasyndan ýazan goşgularyny umuman gowy görýärdiler. Uruş weteranlary bilen gürleşip, uruş temasyndan eser döretmäge, 1941-1945-nji ýyllaryň kynçylyklaryny başdan geçiren adamlaryň durmuşyny göz öňüne getirmäge synanyşýan şahyrlar hem bardy. Ýöne 1980-nji ýyllaryň ortalarynda başlanan aç-açanlyk döwründe çap edilen, ozal köpçülige mälim bolmadyk elhenç faktlar, Wiktor Astafýew ýaly frontçy ýazyjylaryň öň görülmedik gönümelligi "Beýik Watançylyk urşy“ diýilýäniň sowet metbugatynda görkeziljek bolnuşyndan düýpden başga zat bolandygyny aýan eti.
"Men Ezizowyň, Halyl Kulyýewiň uruş temasyndan döreden eserlerini aýratyn gowy görýärdim. Gurbannazar neressäniň faşistlere garşy söweşip, Italiýada wepat bolan türkmen ýigidi Jumadurdy Sabyrowa bagyşlan balladasyny sapak wagty okuwçylaryma ýatdan okap berýärdim“ diýip, Aşgabatda ençeme ýyllap edebiýatdan sapak beren mugallym Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat "Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin..."Azatlygyň diňleýjileri, okyjylary bilen bilelikde, bu ballada sowet uruş propagandasynyň galyplaryndan daşardan seredip göreliň.
Balladanyň gahrymany enesine ýüzlenip, "Süpür gözýaşyňy, bes et ahyňy, //Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry" diýýär.
"Döşüni paralap, duşman güllesi,
Watan howp astynda durýan pillesi,
Merdem bol, ene jan, bes ahyňy,
Men halkyň perzendi, düşün ahyry..."
Mukaddes ýerini duşmandan tämizläp, sag-aman yzyna gaýdyp gelmegi wada beren ogul Kiýewi eýeläp, Karpatdan geçýär, kysmat ony soň gözel Italiýa zyňýar.
"Söýdüm asmanyňy, iliňi seniň,
Italiýa, Italiýa, Italiýam meniň"...
Emma ol Italiýada tutulýar we atyljak ýerine alnyp gidilýär.
"Soňra Ajal münüp gülläň gerşine,
Ýigidiň erkini alýar durşuna.
Asman gözýaş edip güýçli ýel ösýär,
Italiýa türkmeni bagryna basýar..."
Bu, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly edebiýatçynyň pikiriçe, “köne ýalandy, ýöntem propagandady, ýogsa urşa gidýän hiç bir ogul ejesine beýle leksiýa okap bilmeli däldi, munuň hiç bir kada sygmaýandygyna düşünmelidi”.
Uruşlar hakyndaky köne ýalan
Günbatarda, ýewropa ýurtlarynda we Birleşen Ştatlarda, I Jahan urşy döwründäki uruş goşgularynda, amerikan generaly Smedley D. Butleriň 1935-nji ýylda çap edilen “Uruş talaňçylykdyr” (War Is a Racket) ýaly kitaplarynda urşuň hakykatda nämedigi, adamlary nä güne salýandygy we kime näme üçin gerekdigi has ir we açyk aýdylyp başlandy.
Birinji Jahan urşuna gatnaşan hem-de garym we gaz uruşlarynyň elhençliklerini açyp görkezen Wilfred Oweniň “Dulce Et Decorum Est” atly goşgusy häzire çenli bu ugurda ýazylan iň täsirli goşgularyň biri hasaplanýar.
Urşa gatnaşmadyk, ýöne uruş weteranynyň ogly bolan we 35 ýaşynda gaçgak esgeriň okundan ölen Ezizowdan tapawutlylykda, Wilfred Owen 25 ýaşynda, Birinji Jahan urşunyň tamamlanmagyna bary-ýogy bir hepde galanda, söweşde öldürilýär. Ezizow ýaly, Owen hem öz döwrüniň öňdebaryjy şahyry, ýöne onuň goşgularynda uruş hadysalaryna düýpden başgaça, şol döwürdäki we ondan öňki uruş propagandasyna gapma-garşylykly nazardan seredilýär.
Açyk çeşmelerdäki maglumatlarda aýdylmagyna görä, onuň uruş temasyndan ýazan goşgularynda halypasy Zigfrid Sasonyň täsiri duýulýar we şol döwürdäki jemgyýetiň uruş düşünjesine, Rupert Bruk ýaly, uruş barada ýazan öňki şahyrlaryň ynamly watançylyk goşgularyna garşy durulýar.
Oweniň gürrüňi ediljek goşgusynyň ady rimli şahyr Horasyň (Gorasiýanyň) latyn dilindäki “Dulce et decorum est pro patria”, ýagny "ýurduň üçin ölmekden aňyrda ne süýji, ne-de degýän zat bar“ diýen setirinden alnan.
Degişli maglumat Beýik Watançylyk urşumy ýa-da stalinçileriň agyr jenaýatçylygy?Goşguda urşa gatnaşýan esgerler agyr haltanyň aşagynda ýegşeren, iki büklem bolan, dyzy epilen, gark urup üsgürýän, hapa garymda gargynýan, uky arasynda ýörişe edýän, köpüsi ädigini ýitiren garry dilegçä deňelýär...
"Ýöne agsak-togsak, bulaşyp gana,
hemmejesi maýyp, gözi kör boldy,
argynlykdan serhoş, ker boldy bary..."
Şol wagtam "Gaz! Gaz! Çalt boluň, oglanlar“ diýen buýruk eşidilýär we şahyr zäherli gazdan goraýan başgaplaryny wagtynda geýip ýetişjek bolup urunýan esgerleri, olaryň käbiriniň muny başarman oda düşen ýaly gygyryşyny, çabalanyp jan berşini, jesetleriň daşalyşyny, öldürilen esgerleriň gözlerini... okanlaryň göz öňünden gitmejek şekilde suratlandyrýar.
Urşa gatnaşýan esgeriň pajygaly ölümi we bu hili ölümlere şaýat bolan adamlaryň başdan geçirýän elhenç ahwalatlary baradaky goşgy ahyrynda Horasyň "ýurduň üçin ölmekden aňyrda ne süýji, ne-de degýän zat bar“ diýen stirini "köne ýalan“ diýip atlandyrmak bilen jemlenýär we uruş propagandasyna garşy yglan edilen uruş bolup, edebiýat taryhyna giripdir diýip, iňlis poeziýasy bilen gyzyklanýan ýaş türkmen aýtdy.
Birinji Jahan urşunyň iň gowy şahyrlarynyň biri hasaplanylýan Oweniň goşgulary, iňlis edebiýatçylarynyň ýazmagyna görä, köpler üçin 1914-1918-nji ýyllaryň simwoly bolup, esgerleriň gören görgülerini, çeken jebirlerini özünde jemledi. Şol bir wagtda, iňlis edebiýatçylary dabaraly uruş goşgularynyň mydama dürli deliller bilen aklanýan uruşlara ýaş adamlary mümkin boldugyça köp çekmek üçin ulanylmagy, jemgyýetdäki zerurlyklar we aýdylmaýan hakykatlar, bir taraply çemeleşilýän meseleler bilen baglylykda, urşa garşy ýazylan goşgularyň gapma-garşylyk döredendigini hem aýdýarlar.
Birinji Jahan urşundaky hakyky ýagdaýlary beýan eden we edebiýat taryhynda görnükli yz galdyran iňlis şahyrlaryndan tapawutlylykda, sowet döredijileriniň köp eseri hakykaty aýtmak üçin däl, diňe partiýa ýaranmak, döwre ses goşmak üçin ýazyldy diýip, aşgabatly edebiýatçy aýtdy.
"XX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy“ diýen kitapda bu urşa müňden gowrak ýazyjynyň gatnaşandygy, olaryň 275 sanysynyň yzyna gaýdyp gelmändigi, söweş meýdanynda wepat bolanlaryň arasynda Nurmyrat Saryhanow, Şaly Kekilow ýaly türkmenleriň hem bolandygy bellenýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Şaly Kekilow urşa sowet türmesinden çykyp, bedeninde gynamalardan galan awular, agyrylar hem aýrylmanka gidipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.