Türkmenistanda okuw ýylynyň tamamlanmagynyň ýakynlamagy bilen, her ýylda adatça bolşy ýaly, mekdepleriň remonty üçin okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnalyp başlandy.
Habarçymyz ýurduň günbatar welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 2, 3, 5, 9, 10, 24, 25 we 26-njy mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň ene-atalarynyň ençemesi bilen söhbetdeş boldy. Olar okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli mekdep binalaryny abatlamak üçin pul ýygnalýandygyny aýdyp, “yzy üzülmeýän” mejbury çykdajylaryň özlerini “surnukdyrýandygyny” bellediler.
Türkmenistanyň oba we şäher ýerlerinde bar bolan mekdepleriň ençemesi sowetler ýyllarynda bina edilen mekdepler bolup, olaryň abatlaýyş işleri köplenç okuwçylaryň ene-atalarynyň üstüne ýüklenýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň aýtmagyna görä, başlangyç synplarda okaýan çagalar üçin 200 manat, orta we ýokary synplar üçin bolsa 300-500 manat möçberinde pul ýygnalýar.
Mekdebi tamamlaýan 12-nji synpyň okuwçylaryndan bolsa attestatlarynda “bäşlik” bahanyň goýulmagynyň öwezine, “remont üçin” diýlip 2 müň manada çenli pul serişdesi soralýar.
Oba we şäher ýerlerinde bar bolan mekdepleriň ençemesi sowetler ýyllarynda bina edilen bolup, olaryň abatlaýyş işleri köplenç okuwçylaryň ene-atalarynyň üstüne ýüklenýär.
Okuwçylara basyş
Şeýle-de, başlangyç synp okuwçylarynyň ene-atalary, mekdebiň nahar üpjünçiligi üçin eýýäm her aý 200 manat töleýän bolsalar-da, üstesine remont üçin pul ýygnalmagynyň özlerine agyr düşýändigini belleýärler. Käbir ene-atalar maý aýynda çagalaryny mekdep naharyndan kesip, şol çykdajyny remont üçin tölemäge mejbur boljakdyklaryny aýdýarlar.
9-njy mekdepde çagasy okaýan bir ene-ata, mugallymlaryň 6 ýaşly okuwçylary hem dürli bahanalar bilen pul tölemäge mejbur edýändigini, şol sanda gazet-žurnallar üçin hem hökmany abuna ýazylmagyny talap edýändiklerini aýtdy. Ol ene-atasy muňa razy bolmadyk çagalaryň psihiki we kä halatlarda fiziki basyşlara-da sezewar edilýändigini belledi.
“Pedagoglar çagalarymyzy bize garşy gural hökmünde ulanýarlar. Pul zerur bolsa, ene-atalaryň özleri bilen göni gürleşsinler, çagalarymyzy basyş astynda goýmasynlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran bir ene-ata nägileligini bildirdi.
Ýurduň beýleki künjeklerindäki habarçylarymyz hem, okuw ýylynyň tamamlanmagynyň ýakynlamagy bilen, okuwçy ýaşlardan pul ýygnalmak işleriniň ýaýbaňlanýandygyna ünsi çekýärler.
“Alaçsyz” mugallymlar
Şol bir wagtda, pul ýygnamaga borçlandyrylýan mugallymlar bu mejbury çärelerden özleriniň hem hoşal däldigini, “alaçsyz” ýolbaşçylarynyň buýruklaryny berjaý etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Biz bu pullary öz jübimize goýamzok. Bu barada Azatlyk Radiosyna habar berip, bizi utandyrjak bolmaň!” diýip, aşgabatly bir ene-ata mugallymlar tarapyndan aýdylan sözleri getirdi, şeýle-de olaryň okuwçylardan mejbury pul toplanýandygy baradaky maglumatlaryň ýaýradylmazlygyny sorandygyny sözüne goşdy.
Degişli maglumat Mary: Mugallymlar pul ýygnamak we beýleki talaplary berjaý etmedik okuwçylara pes baha goýmak barada haýbat atýarlarMekdebiň derejesine görä, okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň we remontyň jemi çykdajylarynyň 2 müň manatdan başlap, käbir mekdeplerde 15 müň manada çenli ýetýändigi habar berilýär. Ene-atalar ýurtdaky agyr ykdysady şertleriň arasynda, bu ýagdaýyň özleri üçin “agyr synagdygyny” aýdýarlar.
Azatlyk Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçy ýaşlardan tas her ýyl diýen ýaly pul ýygnalýandygy barada yzygiderli habar berýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, media serişdeleri bu meseleleri açyk gozgamaýarlar. Bilim ministrligi we ýerli bilim müdirlikleri Azatlygyň bu baradaky ýüzlenmelerine jogap bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.