R.E.M. topary Azat Ýewropa Radiosyny goldaýan aýdymyny täzeden çykardy

R.E.M. 2024-nji ýylyň iýun aýynda aýdym döredijileriň Şöhrat zaly induksiýasyna we baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy

1981-nji ýylda çykan “Azat Ýewropa Radiosy” siňli, ýagny ýeke aýdym dünýäni alternatiw rok topary R.E.M. bilen tanyşdyrdy.

Şeýle-de, bu aýdym dünýä azat metbugatyň gadagan edilen ýa-da entek doly gurulmadyk ýurtlarynda ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän neşiriň demokratiýany kemala getirmekde oýanýan roluny ýatlatdy.

3-nji maýda belleniýän Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabat, ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän demokratiýa tarapdar beýleki neşirleriň arasynda, öz sesiniň sem edilmek synanyşygyna garşy göreşýän Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň ýetip gelýän 75 ýyllygyny dabaralandyryp, R.E.M. ansambly bu siňli gaýtadan halka ýetirýändigini mälim etdi.

"Aýdym-saz bolsun ýa-da azat metbugat babatynda bolsun, tapawudy ýok, senzura hemme ýerde hakykata howp salýar. Bütindünýä metbugat azatlygy gününde men Azat Ýewropa radiosyndaky batyrgaý žurnalistlere öz goldaw sesimi iberýärin" diýip, aýdymçy we toparyň esaslandyryjy agzasy Maýkl Stipe aýtdy.

Azatlyk Radiosy, hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Amerikanyň sesi, Azat Aziýa radiosy, Kuba teleradioýaýlymlar gullugy (Marti Radio) we Ýakyn Gündogar teleradioýaýlymlar ulgamlary ýaly neşirler bilen bilelikde, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ABŞ-nyň Global Media agentligine (USAGM) beren görkezmesinden, ýerine ýetiriş buýrugyndan soň agyr ýagdaýa düşdi.

USAGM - ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe neşire gözegçilik edýän garaşsyz hökümet edarasy bolup, her hepde takmynan 361 million adama 50-ä golaý dilde habar we maglumat berýär.

Ýerine ýetiriji buýruk çap edileninden birnäçe sagat soň gelen hatda USAGM Çehiýanyň paýtagty Pragada ýerleşýän Azatlyk Radiosynyň Kongres tarapyndan tassyklanan grantynyň ýatyrylandygyny habar berdi, AÝ/AR häzir kazyýetde bu çärä garşy göreş alyp barýar.

Ýanwar aýynda ikinji prezidentlik möhletine girişili bäri hökümet çykdajylaryny azaltmaga çalyşýan Tramp özüniň ilkinji möhletinde hem redaktorlyk garaşsyzlygy we efire berilýän gepleşikleriň ugry üstünde USAGM bilen çaknyşypdy.

Ol bu aladalaryny wezipä girişeli bäri ýene-de bir gezek gaýtalady.

Emma muňa garamazdan, neşirleriň goldawçylary özleriniň ABŞ diplomatiýasynyň möhüm goly, goşary bolup durýandyklaryny we susdurylmaklarynyň garaşsyz neşirler tarapyndan paş edilýän awtoritar režimler tarapyndan baýramçylyk hökmünde garşylanjakdygyny aýdýarlar.

"R.E.M.-iň aýdym-sazy meniň üçin hemişe azatlygyň baýramy boldy, söz, beýan etmek azatlygy, bizi pikirlenmäge mejbur edýän aýdymlaryň sözleri we herekete geçmäge hyjuwlandyrýan sazlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Stiwen Kapus aýtdy.