Russiýa gijäniň dowamynda Ukraina 112 dron bilen hüjüm etdi

Illýustrasiýa suraty

Russiýa 19-njy maýa geçilýän gije Ukrainanyň çäklerine 112 sany dron bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň habarynda aýdylýar. Hüjümler ýurduň bäş sebitine, ýagny Donetsk, Sumy, Kirowograd, Harkiw we Çerkasy oblastlaryna garşy amala aşyryldy.

Harbylaryň maglumatyna görä, 76 sany hüjüm drony howada uruldy, 35 sany imitasiýa maksatly dron bolsa ýa ýok edildi ýa-da öz-özünden syndy.

Mundan bir gün öň, Russiýa Ukraina garşy iň iri dron hüjümleriniň birini amala aşyrdy, şol gije 270-den gowrak dron atyldy diýip, ukrain harbylary mälim etdi.

Bu zarbalar Russiýanyň we Ukrainanyň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek göni gepleşik geçirmeginden soň bolup geçdi. Gepleşikler Stambulda geçirildi. Taraplaryň diňe müňe-müň görnüşindäki ýesir çalşygy boýunça ylalaşandygy aýdylýar.