Russiýa, parahatçylyk gepleşikleriniň öň ýany, Ukraina 110 dron bilen hüjüm etdi

Arhiw suraty

15-nji maýa geçilen gije Russiýa Ukraina garşy 110 sany “Geran” hüjümçi drony we imitasiýa pilotsyz uçar serişdelerini ulanmak arkaly hüjüm etdi. Bu barada Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň habarynda aýdylýar.

Maglumata görä, 91 dron nyşanasyna ýetmedi, olaryň 62-si urlup düşürildi, 29-sy bolsa ýitdi.

Gijeki hüjüm Russiýa bilen Ukrainanyň gepleşik toparlarynyň uzak arakesmeden soň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda bolup geçdi. Duşuşyk Stambulda irden başlamaly. Taraplaryň urşy parahatçylykly ýol bilen çözmek boýunça ädimleri ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Kremliň öňünden beren habaryna görä, Russiýanyň gepleşik toparyna prezident Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk eder. Türkiýä saparyň öňüsyrasynda gepleşikçiler prezident, Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, Daşary işler ministrligi, Goranmak ministrligi, Baş harby ştaby, Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) we Russiýanyň Milli gorag gwardiýasynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdiler.