Tramp we Putin Ukraina urşy barada telefon arkaly gürleşdiler

ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleri Donald Tramp bilen Wladimir Putin

ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleri Donald Tramp bilen Wladimir Putin Russiýa tarapyndan başlanan Ukraina urşuny bes etmek bilen baglanyşykly meseleleri telefon arkaly maslahatlaşdylar.

Gepleşik iki sagat gowrak dowam etdi.

Putin Tramp bilen bolan gürrüňi “konstruktiw” we “peýdaly” diýip häsiýetlendirdi we Russiýa üçin esasy meseläniň henizem “krizisiň ilkinji sebäplerini ýok etmekdigini” aýtdy. Onuň sözlerine görä, Russiýa Ukrainanyň we Russiýanyň arasynda geljekdäki parahatçylyk şertnamasynyň memorandumy üstünde işleşmäge “taýýar”.

Şol bir wagtda Donald Tramp Putin bilen geçirilen söhbetdeşlik boýunça eden beýanatynda, Russiýanyň we Ukrainanyň “derrew” ok atyşygy bes etmek boýunça gepleşiklere başlajakdyklaryny aýtdy.

Kremliň maglumatyna görä, Putin bilen Trampyň arasynda geçen gürrüňde Ukrainada ok atyşygy bes etmek boýunça gepleşikleriň anyk seneleri agzalmandyr.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow, Putin bilen Trampyň arasynda geçen gürrüň boýunça eden çykyşynda, ABŞ-nyň prezidentiniň Ukraina konfliktindäki pozisiýasyny “ýeterlik derejede bitarap” diýip atlandyrdy, şol bir wagtda Ýewropa ýurtlaryny “aç-açan ukrain tarapyny tutmakda” aýyplady.