Tramp ýaraşyk ylalaşygyny gözden geçirýän Russiýa sanksiýalar girizmek barada duýduryş berdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12-nji martda Waşington şäherindäki Ak tamda žurnalistler bilen gürleşýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýany 30 günlük ýaraşyk şertnamasyna razy bolmaga çagyrdy. Şeýle-de, ol Moskwa ABŞ-nyň teklibini ret etse, onda Russiýa goşmaça sanksiýalary girizjekdigini duýdurdy. Bu waka, Russiýa söweş meýdanynda öz pozisiýalaryny berkidýän mahaly boldy.

“Russiýanyň ok atyşygy bes etmekden başga çykalgasy ýok. Gerek bolsa, biz sanksiýa girizeris, ýöne men muňa zerurlyk bolmaz diýip umyt edýärin” diýip, Tramp 12-nji martda Ak tamda žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

“Biz maliýe taýdan Russiýa üçin gaty ýakymsyz, gaty erbet, ýykyjy zatlary edip bileris, ýöne men muny islämok” diýip, ol sözüne goşdy.

Onuň bu çykyşy, Ukrainanyň Tramp administrasiýasynyň wekilleri bilen dokuz sagat dowam eden gepleşiklerden soň, ok atyşygy wagtlaýyn bes etmegi kabul etmeginden bir gün soň boldy.

Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen gepleşiklerde Kiýew ABŞ ýardamlarynyň, şol sanda aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagynyň öwezine Russiýa bilen arada 30 gün möhlet bilen ýaraşyga razy boldy.