Türkmenistanyň Hytaýa gaz eksporty ýanwar-aprel aýlarynda 14.3% azaldy

Illýustrasiýa suraty

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazy, ozalky degişli döwür bilen deňeşdirilende, 14.3% azalyp, $2.78 milliarda deň boldy. Bu barada TASS agentligi Hytaýyň Esasy gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.

20-nji maýda ýaýradylan maglumatda Hytaýyň import eden gazynyň anyk mukdary aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistanyň bu döwürde Hytaýa iberilen gaz eksportlarynyň mukdary boýunça ikinji orunda durandygy bellenilýär.

Birinji ýerde Russiýa bolup, onuň degişli döwürde Hytaýa akdyrýan gazynyň mukdary 31.6% artyp, $3.32 milliard dollara deň bolupdyr.

Hytaýa gaz eksport etmek boýunça üçünji orunda Mýanma ($537.37 million) dur, ondan soň Gazagystan ($261.18 million) we Özbegistan ($143.07 million) gelýär.

Türkmenistan bu ýurda uzynlygy 1 müň 833 kilometre, ýyllyk kuwwaty 55 milliard m3 barabar bolan Merkezi Aziýa-Hytaý geçiriji ulgamy arkaly gaz iberýär.

Türkmenistan özüniň energiýa resurslarynyň eksporty boýunça sanlary, ondan gelýän girdejileri aýan etmeýär.