Ukraina Russiýa bilen 30 günlük ýaraşyga taýýardygyny aýdýar

ABŞ-nyň we Ukrainanyň delegasiýalary Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde gepleşik geçirdi.

Kiýew we Waşington Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen gepleşiklerde durnukly parahatçylygy gazanmak ugrunda ädim ätdiler diýip, Ukrainanyň prezidentiniň web sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylýar. Gepleşikler dokuz sagat dowam edipdir.

Kiýew ABŞ ýardamlarynyň, şol sanda aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagynyň öwezine Russiýa bilen arada 30 gün möhlet bilen ýaraşyga razy boldy. Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski ýaraşyk teklibiniň, ilkibaşda ileri sürülişi ýaly, diňe bir howa we deňiz operasiýalaryna däl, eýsem, front çyzygyna-da degişli bolandygyny aýtdy.

Taraplar seýrek mineral serişdeleri boýunça ylalaşygy-da tiz wagtda gazanmak boýunça ylalaşdy.

Gepleşiklere gatnaşyjylar iş toparlaryny döredip, “Ukrainanda uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etjek durnukly parahatçylygy” dikeltmek ugrunda maslahatlaşmalara derhal başlamak boýunça karar kabul etdiler.

ABŞ prezidenti Donald Tramp, gepleşikleriň yz ýany, Russiýanyň ýaraşygy kabul etjekdigine umyt bildirdi. Şeýle-de, ol Zelenskini ýene At tama çagyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Tramp ABŞ-Russiýa gepleşikleriniň 11-12-nji marta meýilleşdirilýändigini aýtdy, ýöne wekiliýetiň agzalaryny anyklaşdyrmady. Bulardan başga-da, ol şu hepde rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefon söhbetdeşligini geçirjekdigini aýtdy, ýöne onuň geçiriljek wagtyny aýdyňlaşdyrmady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Russiýanyň ýakyn wagtda ýaraşyga razy boljakdygyna umyt bildirdi.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýk Waltz çaknyşygy soňlamak ugrunda Ukrainanyň anyk ädimleri we teklipleri hödürländigini aýtdy. Şeýle-de, ol öňümizdäki günlerde rus wekilleri bilen gepleşmek planlarynyň bardygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa Moskwanyň öňümizdäki günlerde ABŞ wekilleri bilen boljak kontakty aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.