Uly Berdimuhamedow Kazana sapar edýär

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Tatarystanyň lideri Rustam Minnihanow (arhiw suraty)

16-njy maýda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Tatarystan respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

Onuň respublikanyň paýtagtynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşjakdygy aýdylýar.

Resmi maglumata görä, saparynyň dowamynda Berdimuhamedow Russiýanyň häkimiýetleri we hökümetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirer. Emma resmileriň atlary aýdyňlaşdyrylmaýar.