ÝB ýurtlarynyň ilçileri Russiýa garşy 17-nji sanksiýa bukjasyny makullady

Illýustrasiýa suraty

14-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň ilçileri, öňünden garaşylyşy ýaly, Russiýanyň Ukraina çozuşy bilen baglylykda Moskwa garşy 17-nji sanksiýa bukjasyny tassyklady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Rikard Ýozwiak habar berdi.

Şeýle-de, adam hukuklarynyň bozulmagyna, şeýle hem gibrid operasiýalary atlandyrylýan çärelere we himiki ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüni almak düzgünleriniň bozulmagyna dahylly diýilýän rus şahsyýetlerine garşy aýratyn sanksiýalar hem makullandy.

Sanksiýalar 20-nji maýda ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleri tarapyndan doly tassyklanmaly.

Sanksiýa sanawlary entek resmi taýdan çap edilmedi.

Media maglumatlaryna görä, sanawa onlarça kompaniýa we şahsyýet, şeýle hem “kölege flotuna” degişli 100-e golaý tanker giriziler. Bu gezek pudaklaýyn sanksiýalaryň giňeldilmegi göz öňünde tutulmaýar.