Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şu hepde Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyk gepleşiklerinde diňe Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga taýýardygyny, rus delegasiýasynyň beýleki agzalary bilen gepleşmejekdigini mälim etdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bolsa, bu gepleşiklere gatnaşyp biljekdigini aýtdy.
15-nji maýda Ukrainanyň we Russiýanyň arasynda geçiriljek gepleşiklere gatnaşmaga Trampyň teklip etmegi ABŞ-nyň we Ýewropa döwletleriniň diplomatlarynyň arasynda maslahatlary geçirmäge sebäp boldy. Diplomatlar II Jahan urşundan bäri Ýewropada ýüze çykan iň uly konflikt bolan Ukraina urşuny tamamlamagyň ýollaryny gözleýärler.
Tramp Ak Tamda Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katara resmi sapara gitmezinden ozal žurnalistler bilen söhbetdeşliginde: “Türkiýedäki penşenbe gününi gözden düşürmäň” diýdi we Stambuldaky gepleşikleriň ähmiýetini nygtady.
“Men şol ýere uçmagy hem göz öňünde tutýaryn. Penşenbe güni nirede boljagymy heniz bilemok. Meniň birnäçe duşuşyklarym bar. Ýöne zatlaryň çözülip biljekdigini pikir etsem, mümkinçiligi göz öňünde tutýaryn” diýip, Tramp aýtdy.
Zelenski özüniň 15-nji maýda Stambulda Putin bilen duşuşmaga taýýardygyny mälim etdi. Zelenskiniň bu teklibine Kreml häzirlikçe jogap bermedi. Şeýle-de, Moskwa Trampyň gepleşiklere gatnaşmak mümkinçiligi barada aýdanlaryna hem häzirlikçe reaksiýa görkezmedi. Netijede, Russiýanyň gepleşiklere kimiň gatnaşjakdygy barada dürli çaklamalar ýüze çykdy.
Reuters agentligi 13-nji maýda Ukrainanyň prezidentiniň geňeşçisine salgylanyp, ok atyşyklary doly we şertsiz ýagdaýda bes etmek baradaky teklibi öňe süren Zelenskiniň diňe Putin bilen duşuşmaga taýýardygyny, rus wekiliýetiniň beýleki agzalary bilen gepleşmegi göz öňünde tutmaýandygyny habar berdi.
Mundan ozal Putin, Zelenskiniň prezidentliginiň kanunylygyna birnäçe gezek şübhe bildiripdi.
Putin bilen Zelenskini gepleşiklere çekmek boýunça diplomatik tagallalaryň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 12-nji maý gijesi Fransiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Britaniýanyň, Ukrainanyň daşary işler ministrleri we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Kaýa Kallas bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.
“Liderler ok atyşygy bes etmek we Ukrainada parahatçylyga tarap ädiljek ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Tämmi Brýus tarapyndan ýaýradylan beýanatynda aýdylýar.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi bolsa, baş rus diplomaty Sergeý Lawrowyň türk kärdeşi Hakan Fidan bilen 12-nji maýda Moskwanyň Kiýew bilen göni gepleşik geçirmek baradaky teklibini ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. Bu teklip geçen dynç güni Putin tarapyndan öňe sürlüpdi.
Gepleşiklere Russiýanyň haýsy wekilleriniň gatnaşjakdygy häzirlikçe belli däl. Eger geçirilse, bu gepleşikler 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri, ýagny Russiýanyň Ukraina garşy doly göwrümli urşy başlanan döwründen soň taraplaryň arasynda geçiriljek ilkinji göni gepleşik bolar.