Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 15-nji maýda Türkiýäniň paýtagty Ankarada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga garaşjakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol bu duşuşyga diňe Putiniň hut özi bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak isleýändigini we onuň ýerine başga rus resmileri bilen gepleşmejekdigini mälim etdi.
Zelenski 13-nji maýda Kiýewde žurnalistlere beren beýanatynda häzirki wagtda Ýakyn Gündogara sapar edýän ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy hem bu gepleşiklere çagyrandygyny aýtdy. Ak Tam we Ukrainanyň Ýewropaly hyzmatdaşlary Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropada dowam edýän iň uly we ganly konflikt bolan bu urşy tamamlamagyň ýollaryny gözleýär.
Saud Arabystany bilen “taryhy” ylalaşyklara gol çekeninden soň, Er-Riýadda çykyş eden Tramp Türkiýede geçiriljek bu gepleşikleriň “örän gowy netijeler berip biljekdigini” aýtdy.
Trampyň sözlerine görä, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Ukrainadaky urşy tamamlamak boýunça Türkiýedäki gepleşiklere gatnaşjak ýokary derejeli amerikan resmileriniň arasynda bolar.
Emma Zelenski, haýsydyr bir ilerlemäniň bolmagy üçin, Putiniň bu duşuşyklara gatnaşmalydygyny açyk aýtdy.
“Men hut [Putin] bilen ok atyşyklary bes etmek barada gepleşik geçirmeli, sebäbi bu barada diňe ol karar berip biler” diýip, Zelenski aýtdy. Ol eger rus lideri duşuşygyň ilkinji meýilleşdirilen ýeri bolan Stambula gitmäge karar berse, onuň bilen şol ýerde duşuşmaga taýýardygyny belledi.
“Eger-de Putin ok atyşyklary bes etmäge taýýardygyny aýtsa, bu urşy tamamlamagyň ähli şertlerini ara alyp maslahatlaşmaga ýol açar” diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.
Dynç günleri Putin 15-nji maýda Stambulda gepleşik geçirmegi teklip etdi we Zelenski bu teklibi kabul etdi. Emma Kreml rus lideriniň gatnaşjakdygyny entek tassyklamady.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Moskwada žurnalistler bilen söhbetdeşliginde: “Prezident zerur hasap eden badyna, biz bildiriş ederis” diýdi we Russiýanyň gepleşiklere taýýarlyklary dowam etdirýändigini belledi.
Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Kaýa Kallas 13-nji maýda Putin “bu duşuşyga gatnaşmaga het edip bilmez”, sebäbi “Russiýa açyk ýagdaýda oýun oýnaýar we wagt utmaga synanyşýar” diýip pikirini aýtdy.
“Olar (Russiýa) parahatçylyk bilen gyzyklanmaýar. Olar henizem Ukrainany bombalaýarlar. Parahatçylyk bilen gyzyklanan bolsalar, edil şu wagt bu hüjümleri bes edip bilerlerdi” diýip, Kallas Kopengagende geçirilen demokratiýa sammitinde žurnalistlere aýtdy.
ABŞ-nyň metbugatynyň maglumatlaryna görä, Trampyň ýokary derejeli wekilleri Stiw Witkoff we Kit Kellog gepleşiklere gatnaşmak üçin Stambula giderler, Rubio bolsa NATO-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkiýede bolar we şol ýerde Ukraina bilen bagly gepleşiklere hem gatnaşar.
Geçmişde Putin Zelenskiniň kanunylygyna sorag bildiripdi.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 12-nji maýda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Putiniň öňki dynç gününde öňe süren Kiýew bilen göni gepleşik geçirmek baradaky teklibini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Meýilleşdirilen göni gepleşikler Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly gerimli çozuşyndan soň, iki tarapyň arasynda şol ýylyň martyndan bäri geçiriljek ilkinji göni duşuşyk bolar.