"Awazada" iljkinji bolup göze ilýän zat – ak mermere gaplanan köpgatly binalar. Ol binalaryň aglabasy döwlet edaralarynyň buýurmagy esasynda soňky iki-üç ýylyň dowamynda gurlan köpýyldyzly kaşaň myhmanhanalar.
Ak mermerden bina edilen köpgatly myhmanhanalar, ençeme kafelerdir restoranlar, uzynlygy 7 kilometr bolan we üstünden awtoulagly we pyýada geçmek üçin 11 sany köpri gurlan emeli derýa...
Ilkinji gezek Ýewro-2012 ýaly uly halkara ýaryşynyň türkmen telewideniýesi boýunça göni efirde görkezilmegi müňlerçe türkmen futbol janköýerlerine bu bäsleşigiň duşuşyklaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berdi.
Soňky döwürlerde Aşgabatda maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Ilat sany barha köpelýän ýurduň paýtagtynda maşgala lukmanlarynyň sany ilatyň talabyny häzirlikçe ödemeýär.
Türkmenistanyň çagalar üçin sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Adatça, bu möwsüm çagalar üçin täze sagaldyş merkeziniň açylmagy bilen başlanýar.
Aşgabatda gurlan käbir täze duralgalarda dükan üçin niýetlenen aýratyn ýer bar. Şol dükanlaryň käbirlerinde gazet-žurnallar satylýar, emma olardan köpüsi entek boş dur.
25-nji maýda irden, tutuş ýurtda bolşy ýaly, Aşgabadyň orta mekdeplerinde-de gün aýdym-sazly şagalaňlar bilen başlandy. Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda ýerleşýän 52-nji we 55-nji orta mekdeplerinde hem şeýle dabaralar geçirildi.
Uçurymlaryň "soňky jaňa" giňden taýýarlyk görmekleri halk arasynda adaty ýagdaý hasaplanýar. Emma bu baýramçylygyň çykdajylary her bir maşgala eýgerdip barmaýar.
Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgulynyň şygyrýet güni mynasybetli 17-nji maýda Aşgabatda döredijilik işgärleriniň edebi çykyşlary gurnaldy.
Şu güne çenli “Türkmenbaşynyň Ruhyýet köşgi” diýlip atlandyrylan binanyň häzirki durkuny öňküsi bilen deňeşdireniňde göze dürtülip duran bir tapawut bar. Indi binanyň ýokarsynda “Ruhyýet köşgi” diýlip ýazyldy.
Türkmenistanda esgerleriň iýmit ýagdaýlarynyň gowulanandygy, emma esgerleriň öz aralaryndaky “dedowşinanyň” saklanyp galýandygy aýdylýar.
Monopolist “Altyn asyryň”, isleg bildirilen halatynda, her müşderisine bäş sany SIM-kart bermek düzgünini ýola goýandygyny bu kärhananyň müşderilere hyzmat ediş ofisinde habar berdiler. Emma onuň hyzmatlarynyň hili heniz hem ýaramaz.
Sekiz müň töweregi ýaşaýjysynyň bolanlygy çak edilýän Pöwrize öňki prezident Nyýazow döwründe halk köpçüligi üçin doly ýapylyp, ýaşaýyş jaýlary, daçalar, çagalaryň dynç alyş lagerleri yzly-yzyna ýykylyp başlandy.
Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleri bolsun ýa dürli baýramçylyklar bolsun, soňky döwürlerde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde kämillik ýaşyna ýeten ýaşlar we ýaşuly adamlar bilen bir hatarda, birinji klasyň okuwçylary ýa mekdep ýaşyna ýetmedik çagalary-da öň hatarlarda görmek bolýar.
Maý aýynda Türkmenistanda 100-e golaý çäre geçiriler. Olaryň arasynda “Dünýä bize haýran bu gün, Arkadag!”, “Arkadagyň agzybirlik aýdymy”, “Arzuwlaryň hasyl boldy, Pyragy!” diýen ýaly dabaralar bar.
Dynç güni Ahal welaýatynyň Halkara atçylyk toplumynda Bedew baýramçylygyna bagyşlanan uly at çapyşyk geçirildi. Oňa 7 müňden gowrak adam gatnaşdy.
Türkmenistanda her ýyl aprel aýynyň ahyrky ýekşenbe güni türkmen bedewiniň baýramçylyk güni hökmünde bellenilýär. Mediadaky baýramçylyk materiallary "Arkadag" bilen baglanyşdyrdylar.
Maşynlaryň dyknyşygy bilen bagly emele gelýän başagaýlyk we goh-gykylyk soňky döwürde paýtagtyň käbir köçelerinde ýygy duş gelýän hadysa öwrüldi.
Soňky ýyllarda Aşgabadyň käbir ýerlerinde köpýyllyk agaçlardyr bag-bakjalar kesilip, olaryň deregine arça nahallary oturdylan bolsa, käbir beýleki ýerleri ähli agaçlardan “arassalanyp”, mermerlenen täze binalar bilen bezeldi.
Türkmenistanly käbir ene-atalar ozalky ýyllarda gurlan çagalar baglarynyň köpüsinde çagalar üçin zerur bolan iň bir zerur zatlaryň çykdajylaryny-da öz üstlerine almaly bolýandyklaryny aýdýarlar.
Ýene-de ýükle