Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ harbylary: Russiýanyň Hytaý, Eýran bilen gatnaşyklary konfliktleriň dar çygyrda galmajakdygyny aňladýar


Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi (ortada), Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowy (sagda), Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi mart aýynda Pekinde Eýranyň ýadro programmasy barada maslahat etdi.
Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi (ortada), Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowy (sagda), Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi mart aýynda Pekinde Eýranyň ýadro programmasy barada maslahat etdi.

ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary Birleşen Ştatlaryň öz esasy garşydaşlary - Russiýa, Hytaý, Eýran we Demirgazyk Koreýa tarapyndan öjükdirilýän global gyzgyn nokatlaryň geljekde uzak we köpugurly gapma-garşylyklara öwrülmek ätimallygyndan barha kän alada galýarlar.

Bu dört ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň berkemeginiň arasynda, bu, belki-de gysga, geografiýa jähtinden çäkli uruşlaryň, amerikan harbylary tarapyndan köp garaşylan gapma-garşylyklaryň geçmişde galandygyny aňladýar diýip, ABŞ harbylary 13-nji maýda, Strategigiki we halkara barlaglary merkeziniň (CSIS) beýeýmçilik etmeginde, Waşingtonda geçirilen konferensiýada aýtdylar.

"Meniň pikirimçe, siz muňa bada-bat ynanmaly, eger-de bir geografiki sebitde söweş barýan bolsa, bu gatnaşyklar sebäpli, olar derrew metastazlaşar ýa-da geografiki, geosyýasy taýdan uzaga çeker. Munuň öňüni alyp bolmaz" diýip, ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň serkerdebaşysynyň kömekçisi, general Kristofer Mahoni aýtdy.

Mahoniniň duýduryşy Pentagonda ýokarlanýan aladany, Amerikanyň konfliktiň möwjemegi baradaky adaty çaklamalarynyň indi hakykata gabat gelmeýändigi baradaky aladalary gaýtalaýar.

"Meniň pikirimçe, gysga, ýiti konflikt ideýasy indi hyýal. Beýle zat asla bolmaz" diýip, Mahoni aýtdy.

Russiýanyň Ukraina çozmagy, Kremliň köp bolanda birnäçe hepde wagt alar öýden urşy 40-njy aýyna golaýlap, 1000 kilometre uzaýan front liniýasynda henizem güýçli söweşler dowam edýär. Moskwanyň Hytaýdan, Eýrandan we Demirgazyk Koreýadan alan kömek-ýardamlary, belki-de, bu konfliktiň uzamagyna getirdi.

ABŞ goşunynyň baş sekretarynyň orunbasary, general Jeýms Mingus bu ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň täzelik däldigini, Russiýanyň Eýran we Demirgazyk Koreýa bilen aradaky dostlukly gatnaşyklaryny onlarça ýyl bäri dowam etdirýändigini, häzirki hyzmatdaşlygyň çuňlugynyň, hususan-da tehnologiýa we ýarag geçirmeleriniň howply, täze bir derejä geçendigini görkezýändigini belledi.

"Maglumat paýlaşmagyň bu derejesi – biz bu barada gaty alada etmeli" diýip, Mingus aýtdy.

Admiral Jeýms Kilbi, ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň operasiýalar boýunça başlygynyň orunbasary Harby deňiz güýçleriniň Uly göwrümli maşkynyň, ABŞ flotlaryny öz içine alýan toplumlaýyn global okuw çäresiniň awgust aýynda üçünji gezek gaýtalanjakdygyny aýtdy. Bu türgenleşik ABŞ resmileriniň häzirki garaşýan sebitara konfliktlerine takyk taýýarlyk görmek üçin döredildi.

“Bu biziň hut şu ýerde ýerleşýändigimiziň boýun alynmasydyr” diýip, Kilbi konferensiýa gatnaşýanlara aýtdy.

De Fakto Ok

Hytaý, Eýran we Demirgazyk Koreýa, bularyň ählisi Russiýanyň Ukraina çozmagyny goldady we her biri Moskwany möhüm tehnologiýa, pilotsyz uçar, raketa we artilleriýa bilen üpjün etdi. Demirgazyk Koreýa, beýlekilerden tapawutlylykda, rus operasiýalaryna goldaw bermek üçin, müňlerçe esger hem iberdi.

Bu hyzmatdaşlygyň häsiýeti "köp derejede ýaranlyga meňzeýär" diýip, Mahoni aýtdy.

"Şu sebäpden, resmileşdirilen ylalaşyk bolmasa-da, bu bolup duran zat we men onuň bolmagynyň dowam etjekdigine ynanýaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaranlyk bileleşigi Ukrainanyň çäklerinde durmaýar. Eýran wekili Hamas 7-nji oktýabrda Ysraýyla hüjüm etdi, özem bu Eýranyň Russiýa Günbatar sanksiýalaryndan sowulmaga hem-de uruş maşynyň üpjünçiligini goldamaga kömek edýän wagtynda boldy.

Şol bir wagtda, Eýran we Russiýa bilen ykdysady, harby gatnaşyklaryny giňeltmeginiň gapdalyndan, Hytaý Günorta Hytaý deňzindäki we Taýwanyň töweregindäki agressiw manýowrlaryny dowam etdirýär.

ABŞ-nyň senagat bazasy tap getirip bilermi?

Analitikler we goranmak resmileri ABŞ-nyň goranyş senagat bazasynyň köp sanly çaknyşygy bärde goýaly, uzaga çekýän, ýokary intensiwlikdäki çaknyşyga taýýardygyna barha kän şübheli garaýarlar.

Iki onýyllygyň dowamynda terrorçylyga garşy geçirilen operasiýalardan soň, esasan kiçi, ýöriteleşdirilen güýçlere we F-35 kysymly ýokary derejeli platformalaryň çäklendirilen görnüşde satyn alynmagyna üns berilmegi sebäpli, ABŞ indi goşunlaryň sanyny üzül-kesil ýokarlandyrmak synagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Artilleriýa önümçiligi, hususan-da Ukrainanyň goragy üçin möhüm bolan 155 millimetrlik top oklary azaldy. Gämi gurluşygy hem kesgin haýallady. Kilbiniň sözlerine görä, häzirki wagtda dünýäniň iň uly deňiz flotuna eýe bolan Hytaý, Birleşen Ştatlar bilen deňeşdirilende, täze gämileri suwa 200 esse ýokary tizlikde goýberýär.

Häkimiýet başyna ABŞ-nyň ýaragly güýçlerini güýçlendirmek barada beren wadalarynyň arkasyndan gelen prezident Donald Tramp ABŞ-nyň Harby deňiz güýçlerini täzeden gurmagy goranyş meýilnamasynyň esasy sütünine öwürdi. Ol aprel aýynda gämi gurluşyk pudagyny dikeltmäge we Amerikanyň deňizdäki agalygyny üpjün etmäge gönükdirilen buýruga gol çekdi.

Ýöne pudak ýolbaşçylary we harby serkerdeler bu meseläniň bir administrasiýanyň çägine sygmaýandygyny duýdurýarlar. Býujetleriň kabul edilmeginiň hroniki gijikdirilmegi, gysga möhlet kararlaryň dowamlylygy, partiýa oňşuksyzlyklary, şol sanda hökümetiň soňky 12 ýylda üç gezek ýapylmagy goranyş kompaniýalaryna uzak möhletleýin maýa goýumlarynyň goýulmagyny kynlaşdyrdy.

Pentagonyň öz satyn almak prosesi hem berk tankyt edilýär. Hünärmenler bu ulgamyň gaty haýaldygyny we konserwatiwdigini, agyr býurokratiýanyň innowasiýany bökdeýändigini we täze gatnaşyjylary ürküzýändigini aýdýarlar.

Mahoni satyn almak prosesiniň ähli ugrunyň özgerdilmelidigini, ýogsa bu tagalladan “kän bir peýda görüp bolmajakdygyny” aýtdy.

Makala gysgaldylyp çap edilýär.

Forum

XS
SM
MD
LG