Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Kiprde bir türkmenistanly “galplyk ýoly bilen pul almakda” aýyplanyp saklandy


Demirgazyk Kipr
Demirgazyk Kipr

Demirgazyk Kiprde ýaşaýan bir türkmenistanlynyň “galplyk ýoly bilen pul almak” aýyplamasy esasynda saklanandygy habar berilýär. Kibrisgercek neşiriniň 16-njy maýdaky maglumatynda, Lapta şähernde ýaşaýan Bahram Jumaýewiň özüniň dört watandaşyny bu ýurda kanuny ýagdaýda getirmek baradaky “ýalan” wadalar bilen jemi 10 müň dollar alandygy bellenilýär.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu ýagdaý barada şu ýylyň 14-nji maýynda şikaýat edilipdir, we şübheli şol gün tapylyp, tussag edilipdir.

Polisiýa şübheliniň “galplyk ýoly bilen pul almak” aýyplamasy bilen tussag edilendigini, derňewiň indi başlanandygyny we heniz toplanmaly subutnamalaryň bardygyny belleýär.

Şübhelä 3 günlük tussaglyk möhletiniň berlendigi aýdylýar, onuň häzirki ýagdaýy barada bada-bat maglumat elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG