18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip, döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurduň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy. Türkmen metbugaty bu gün barada beren habarynda paýtagtyň baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini nygtaýar. Ýöne bu dabaralar Aşgabatda okaýan talyplary, olaryň ene-atalaryny barha kän lapykeç edýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.
Türkmen ÝOJ-larynda okaýan talyplar, olaryň ene-atalary geljekde ýokary hünärli, ýurda we halka direg-daýanç bolup ýetişmeli ýaşlaryň wagtlarynyň ‘ogurlanmagyndan’, zerur okamaly kitaplary okap, döwrebap bilim almaklarynyň deregine, olaryň mejbury çärelere çekilmeginden nägile bolup, öz seslerini garaşsyz neşirleriň üsti bilen döwlet ýolbaşçylaryna ýetirmäge çalyşýarlar.
Olar bu nägileliklerini Azatlyk radiosynyň çeşmesine mundan öňem ençeme gezek aýtdypdylar.
Bu ‘nägileligi’ aýry-aýrylykda gürleşilen beýleki talyplar, ene-atalar hem hem tassyk etdi.
“Bir çäre gutarsa, beýlekisi başlanýar, çäreden ýaňa okuwa wagt galmaýar, bu ýagdaýda nädip synaglara taýýarlanmaly? Ýa döwletimize hakyky bilimli adamlar gerek dälmikä?” diýip, Azatlygyň habarçysyna pikirini aýdan student, öz sözleri bilen aýtsak, ‘çäre görgülerinden’ zeýrendi.
“Ýaňy 9-njy Maý, Ýeniş güni mynasybetli guralan döwlet çäresini sowup dyndyk diýip begenipdik welin, bir hepde hem geçmänkä 18- nji maýda geçiriljek dabaralaryň taýýarlygy başlandy” diýip, ol talyplaryň Aşgabatdan daşarda, Arkadag säheriniň Arkadag stadionynda Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan taýýarlyk çärelerinde gören görgülerini gürrüň berdi.
“Her gün okuwdan soň, ýagny sagat 15: 00-dan öň Arkadag şäherine gelen müňlerçe talyp stadionda hatara düzülip, taýyn bolup durmaly. Olar öz hasaplaryna satyn alan ýaşyl sport formasynda ýaşyl baýdagyn şekilini şekillendirip, ýaşyl baýdagyň pasyrdaýan şekilinde dürli hereketleri ýerine ýetirip, teleýaýlym üçin ýazgy edildi.”
Talyplaryň bir topary öz göwreleri, elleri bilen baýdagy şekillendirmeli bolan bolsa, beýleki topary köpçülik ‘rolunda oýnady’, ýagny stadionyň tomaşaçy oturgyçlaryny dolduryp, baýdak galgadyp, ýaşyl baýdaklaryň tolkuny astynda “Arkadaga şöhrat!” diýip, bilelikde, hor bolup, gaýta-gaýta gygyrmaga mejbur edildi. Bu talaplary talaba laýyk ýerine ýetirmedik talyplara okuwdan kowuljakdygy aýdylyp, haýbat atylýar diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.
“Bu haýbat diňe haýbat bolup galman, talaby göwnejaý ýerine ýetirmedik talyplaryň käbiriniň köpçülige göz edilip, çykarylyp kowulýan wagty hem bolýar” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz bilen gürleşen talyp häkimiýetleriň ýaşlary gorkuda saklamaga ‘gaty ökdeländiklerini’ belledi.
Onuň sözlerine görä, köpçülik çäresini geçirýän ýolbaşçydan ‘gaty gorkmaly’ bolýar, sebäbi ol çäreden çykaryp kowsa, ýokary okuw jaýynyň rektory hem çäresiz bolýar we bu hili talyplary sanawdan öçürip, okuwdan boşadýar. Bular ýaly talyplar soň MHM-niň gara sanawyna girizilýär, ýagny olara hökümet syýasatyna garşy durýan ýa-da geljekde garşy durmagy mümkin adamlar hökmünde seredilýär diýip, aýratynlykda gürleşilen birnäçe talyp aýtdy.
Olaryň sözlerine görä, ‘çäre meselesi okuwa ýetişikden, bilim derejesinden hakykatda has ýokarda goýulýar, para berip okuwa giren talyplar çärede 'gowy bolsalar', okuwy sapaklaryny özleşdirmän hem gutaryp bilýär. ’
Azatlygyň habarçylarynyň soňky aýlarda beren habarlaryna görä, türkmen ÝOJ-larynda soralýan paranyň derejesi aşak gaçýar we bu ýagdaý, bir tarapdan, talyplaryň çärelerden halys ýadamagy, berilýän bilimiň derejesiniň pes bolmagy ýaly ýagdaýlar bilen düşündirilýär.
Ene-atalaryň käbiriniň pikirine görä, ýurtda okuw, bilim derejesiniň peselmegi, häkimiýetleriň ýaşlary islän wagty ‘çäre serişdesi’ edinmegi esasan mekdepde gowy okaman, para bilen okuwa girýän ýaşlaryň köp bolmagy bilen bagly.
Ikinji tarapdan, ilat köpçüligi umuman bilimdäki parahorluga hem-de çäre mejburlyklaryna bolmaly zat ýaly garaýar, sosial mediada käbir pikirler aýdylsa-da, ýaşlara sagdyn bilim-düşünje bermek we durmuşy özgertmek meselesi köp adamy gyzyklandyrmaýar diýip, bu pikir bilen ylalaşýan synçylar hem bar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum