Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň prezident saýlawlarynda Buharestiň häkimi Nikuşor Dan ýeňiş gazandy


Nikuşor Dan
Nikuşor Dan

Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol saýlawlaryň ikinji tapgyrynda radikal sagçy we Ýewropa Bileleşigine garşy çykyş edýän dalaşgär Jorje Simiondan öňe geçdi.

Ýewropa tarapdary bolan Dan sesleriň takmynan 54% aldy diýip, Azatlygyň Rumyn gullugy habar berýär. Simion bolsa 46%-e golaý ses toplady.

Simion ýeňiş gazanandygyny öňe sürdi, emma soňra ýeňilendigini boýun aldy.

Rumyniýada gaýtadan geçirilen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 4-nji maýda bolupdy. Şonda Simion 40,5% ses alyp birinji bolupdy. Nikuşor Dan bolsa 21% ses alypdy.

Saýlaw bilen bir wagtda Rumyniýanyň hökümeti prezident saýlawlaryna Russiýanyň gatyşmagyna degişli alamatlaryň bardygyny mälim etdi. Ýurduň daşary işler ministrliginiň wekili Andreý Tserniniň sözlerine görä, ikinji tapgyrda Telegram we beýleki sosial ulgamlarda “galp habarlaryň wirusly kampaniýasy” alnyp baryldy.

XS
SM
MD
LG