Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Internet çäklendirmeleriniň gerimi ýene-de 'giňäp başlady', näme üçin şeýle bolýar?


Aşgabatda geçirilen bir köpçülik çäresinde adamlaryň gapdalynda hatara düzülip goýlan laptop kompýuterler. Arhiw suraty. Illýustrasiýa.
Aşgabatda geçirilen bir köpçülik çäresinde adamlaryň gapdalynda hatara düzülip goýlan laptop kompýuterler. Arhiw suraty. Illýustrasiýa.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň ähli sebitlerinde Internet çäklendirmeleriniň geriminiň ýene-de giňeldilip başlanandygyny, soňky wagtlarda onlaýn messenjerlerden we beýleki platformalardan peýdalanmagyň has-da kynlaşandygyny habar berýärler.

“Öňler IMO messenjeri arkaly daşary ýurtlardaky dogan-garyndaşlarymyz bilen wideo jaňda gürleşerdik, häzir bu platformanyň üsti bilen SMS hem iberip bolmaýar, iberilen suratlary açyp bolmaýar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy, türkmenistanly gelin Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Ýöne täze päsgelçilikler diňe IMO messenjeri bilen çäklenmeýär, eýsem, Internet ulgamynyň tizligi umuman haýallaýar, VPN-ler petiklenýär diýip, birnäçe ulanyjy aýdýar.

Türkmenistanda onsuz hem Internet ýyllarboýy haýal galýar, 2021-nji ýylda geçirilen barlaglar bu ýurtda dünýäde iň haýal işleýän Internet torundan peýdalanylýandygyny anyklady.

Ýöne soňky hepdelerde gerimi has-da giňeldilip başlanan Internet çäklendirmeleri raýatlarda käbir soraglary döredýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri, ýerli synçylar bu ýagdaýa iki jähetden çemeleşmäge synanyşýar.

Kimler bu çäklendirmeleri daşary ýurtlarda hereket edýän oppozisiýa aktiwistleri bilen ilteşdirýär.

Beýlekiler, öňki tejribelere salgylanyp, şeýle ýagdaýyň köplenç hökümet agzalarynyň arasynda iri kadr çalşygynyň geçirilmeginiň, ýa-da beýleki möhüm üýtgeşmeleriň öňüsyrasynda bolup geçýändigini aýdýarlar.

“Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň çykyşlaryny halka eşitdirmejek bolýarlar. Ýöne ýurduň içinde Internet toruny doly petikleseler-de, olaryň daşary ýurtlarda diňlenilmeginiň öňüni alyp bilmeýärler” diýip, bir ýerli çeşme Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdýar.

Ýöne aktiwistler soňky birnäçe ýyl bäri yzygiderli çykyş edip gelýärler, munuň üçin, näme sebäpden Türkmenistanda edil şu wagt Internet çäklendirilsin?

Aktiwistleriň işjeňligi

Ýerli synçylar bu ýagdaýa aktiwistler bilen bagly habarlaryň soňky wagtlarda ýygjamlaşmagyny, iki türkmen aktiwistiniň Türkiýede tussag edilip, muňa bildirilýän garşylygyň Internet ulgamynda soňky wagtlarda has-da güýçlenmegini mysal getirýärler.

Ýatlasak, apreliň ahyrlarynda Türkiýede türkmen hökümetiniň iki tankytçysy, bloggerler Alişer Sahatow we Abdulla Orusow türk häkimiýetleri tarapyndan saklanyp, deportasiýa merkezlerine iberildi.

Aktiwistleriň egindeşleri we maşgala agzalary bu tussag etmä garşy çykdylar.

Şeýle garşylyk çykyşlarynyň çäginde, daşary ýurt döwletinde ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýew Gollandiýanyň Amsterdam şäherinde Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilmegine hem-de Türkiýede iki aktiwistiň tussag edilmegine protest bildirip, wideo ýüzlenme çap etdi.

Ol öz wideosynda adam hukuklary kemsidilýän ýurduň döwlet baýdagyna-da hormatynyň bolmandygyny aýdyp, türkmen baýdagyny aýak astyna alyp depeledi. Bu wideo Internet ulgamynda garyşyk reaksiýalary döretdi, esasan ýurt içindäki käbir iri we ownuk onlaýn hasaplar bu herekete nägilelik bildirip, yzly-yzyna wideo ýüzlenme çap edip başladylar we döwlet baýdagynyň aýak astyna alynmagyny ýazgardylar.

Annaýew öz çykyşynda ençeme türkmenistanlynyň daşary ýurtlarda edil sürgünlikde ýaly ýaşaýandygyny, raýatlaryň esasy hak-hukuklardan mahrum galýandygyny aýtdy we şeýle şertlerde baýdaga eýe çykýan adamlaryň hereketini sorag astyna aldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet baýdagyny döwlet nyşanlarynyň hatarynda kesgitleýär. Şeýle-de, ýurduň Jenaýat kodeksi döwlet nyşanlarynyň hormatyny gaçyrana jeza çärelerini göz öňünde tutýar.

Şeýle çykyşlar Internet ulanyjylarynyň arasynda belli bir derejede rezonans döretdi we Türkmenistanda Internet platformalary baýdak wideolary bilen çaýkalyp başlandy.

Kimler aktiwiste haýbat atdy, kimler onuň dogan-garyndaşlaryny nyşana aldy, kimler baýdak meýdançalaryna baryp, türkmen baýdagyny arkasyna orap, özleriniň döwlet nyşanlaryna buýsanç sözlerini beýan etdiler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri soňky wagtlarda türkmen aktiwistleriniň çykyşlaryna hatda ýurduň içinde hem gulak asylyp, olara has içgin esewan edilip başlanandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda döwlet baştutanlarynyň hem-de olaryň alyp barýan syýasatynyň tankyt edilmegine “watan dönükligi” hökmünde çemeleşilip bilinýär. Häkimiýetler tarapyndan tankydy garaýyşlara, erkin we özge pikirlere çydamlylyk görkezilmeýär. Şeýle-de, türkmen hökümeti adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan ynsan hukuklaryny berk basgylamakda tankyt edilýär.

Soňky hepdelerde Internet platformalarynyň baýdak wideolary bilen çaýkalmagynyň fonunda, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda häkimiýetler döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden hem-de hususy telekeçilerden özleriniň ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de söwda dükanlarynyň diwarlaryna döwlet baýdagyny asmagy talap edip başladylar.

Geçen ýylyň tomsunda tejenli ýaşaýjylar jaýlarynyň üçegine baýdak oturtmak bilen borçlandyrylypdy.

Möhüm wakalar

Ýöne Azatlygyň beýleki söhbetdeşleri ýurt boýunça Internet çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlenmegini aktiwistler bilen ilteşdirmeýärler. Olar şeýle ýagdaýyň öňler hem gaýtalanandygyny, hususan-da ýokary wezipeli hökümet resmileriniň arasynda iri kadr çalşygy geçirilmezden ozal, ýa-da ýurt boýunça möhüm wakalara, üýtgeşmelere garaşylmagyndan ozal, Internet tizliginiň ymykly haýallap başlaýandygyny aýdýarlar.

“Ýatlasak, Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine getirilmeginiň öňüsyrasynda, ýurt boýunça Internet aragatnaşygy berk çäklendirilip başlanypdy. Şu günler hem şol günlere meňzeş haýallama hasaba alynýar” diýip, ýerli çeşme aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet media giňişliginde soňky hepdelerde öňe çykýan käbir wakalar barada aýdylanda, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtda birnäçe daşary ýurt döwletine sapar etdi.

Galyberse-de, soňky aýlarda ýurduň syýasy sahnasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa öňe saýlanýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow golaýda Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy, biraz öň Balkan welaýatyna sapar edip, täze halkara howa menziliniň açylyşyna gatnaşdy, has öňräk Ýaponiýada möhüm saparda boldy.

Şeýle-de, resmi mediadan çen tutulsa, 'Arkadag' futbol toparynyň gazanan halkara kubogy soňky hepdelerde öňe çykan möhüm wakalaryň biri boldy.

Ýerli synçylar Internet çäklendirmeleriniň geriminiň giňeldilmeginiň bolup geçen ýa-da bolup duran wakalar bilen däl, hökümetde kadr çalşygy ýaly, mundan soň bolmagy ahmal, iri üýtgeşmeler bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda Internet torunyň haýalladylmagy boýunça “Türkmentelekom” aragatnaşyk kärhanasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanly Internet ýyldyzlarynyň 'ilkinji 10-lugy'

Soňky wagtlarda Türkmenistanda Internet 'influenserleriniň', ýagny Internet ýyldyzlarynyň peýda bolup başlamagy hem käbir halkara neşirlerde habar gymmatyna eýe bolup başlady.

Eurasianet.org neşiri ýaňy ýakynda Merkezi Aziýa halkalarynyň häzirki zaman durmuşyna gönükdirilen WeProject.Media websaýtyna salgylanyp, Türkmenistanda hökman yzarlanmaly 10 sany TikTok ýyldyzy barada habar çap etdi.

Neşir öz habarynda Internet çäklendirmeleri bilen tanalýan Türkmenistanda ýüzlerçe müň yzarlaýjysy bolan Internet ýyldyzlarynyň göze ilip başlamagyna ünsi çekdi.

Sanawda 2 million yzarlaýjydan müňlerçe yzarlaýja çenli auditoriýasy bolan öňde baryjy 10 influenseriň sosial hasaplary paýlaşylýar.

Internet ýyldyzynyň Türkmenistanda millionlarça yzarlaýjy toplap bilmegi “maglumat akymyny dolandyrýan awtoritar fizikanyň kanunlaryna ters gelýär” diýip, Eurasianet.org neşiri ýazýar.

Türkmenistanda kanun taýdan ýa-da resmi derejede Internet toruna girizilen täze çäklendirme ýok, ýöne sosial ulgamlarda we beýleki platformalarda bellige alynýan çäklendirmeleriň ählisi iş ýüzünde amal edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG