Russiýa 20-nji maýa geçilýän gije Ukrainanyň territoriýasyna 108 sany drony goýberdi diýip, Ukrainanyň harby güýçleri habar berdi. Maglumata görä, olaryň 93-si urlup ýok edildi ýa-da maksadyna ýetmän ýitdi.
Dronlaryň 58-si syndy ýa-da maksadyna ýetmedi, 35-si bolsa uruldy. Dronlaryň öňüni almak tagallalaryna awiasiýa we howa hüjümine garşy güýçler hem gatnaşdy.
Bu hüjümleriň netijesinde ýurduň dört sebitine, ýagny Donetsk, Dnipropetrowsk, Sumy we Žitomir oblastlaryna zyýan ýetdi.
Moskwa bu hüjüm barada hiç hili beýanat bermedi.