ABŞ-nyň prezidentiniň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff Ysraýyla we palestinaly radikal Hamas toparyna Gaza sebitindäki ýesirleriň boşadylmagy we ok açyşygy bes etmek boýunça täze teklibi gowşurdy. Bu barada Axios neşiri habar berýär. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär
Axios-yň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Witkoff Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu we onuň ynamdar wekili Ron Dermer bilen göni gepleşik geçirdi. Şeýle-de, ol Dohada ýerleşýän Hamas ýolbaşçylary bilen resmi bolmadyk ýol arkaly gepleşikleri geçirdi. Munuň palestinaly-amerikan işewüri Bişara Bahbah tarapyndan gurnalandygy aýdylýar.
Çeşmeleriň bellemegine görä, Bahbah geçen hepde Ysraýyl-Amerikan raýaty bolan ýesirlikdäki Idan Aleksandryň boşadylmagyna möhüm täsir ýetiren şahslaryň biri bolupdyr.
Ysraýylly resmileriň maglumatyna görä, Witkoffyň täze teklibi öňki nusgalara çalymdaş we 10 sany ýesiriň boşadylmagyny, munuň ýerine bolsa Ysraýylyň türmelerindäki palestinaly tussaglaryň azat edilmegini we 45-60 günlük ok atyşyklary bes etmek möhletiniň girizilmegini göz öňünde tutýar.
Şeýle-de bolsa, täze teklipde öňki gepleşiklerden tapawutlylykda käbir täze kesgitlemeler ulanylypdyr. Bu täze şertler Hamasa-a Netanýahunyň ozalky ýaly, bir taraplaýyn görnüşde ok atyşygy bes etmek şertini bozup, urşy täzeden başlap bilmejekdigine kepillik berýär. Şeýle ýagdaý mart aýynda ýüze çykypdy.