Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda garaşsyzlygyň 21 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly ýörişe hem-de baýramçylyk çärelerine “marşirowkalar” diýip atlandyrylýan taýýarlyk türgenleşikleri geçirilip başlandy.
Neşir önümleriniň bu ýylky sergisiniň esasy aýratynlyklarynyň biri sergide goýlan kitaplaryň köpüsiniň sergä gelen tomaşaçylara satylmagy boldy.
Şu günler Aşgabadyň orta mekdeplerinde ene-atalar ýygnaklary geçirilýär. Olarda esasan ene-atalaryň nämä we näçe pul bermelidikleri baradaky meseleler maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky açyk halkara futbol ýaryşy dowam edýär. Emma ýaryşyň halkara derejesinde geçirilýändigine garamazdan, ilat arasynda bu ýaryşa gyzyklanma az.
20-nji sentýabrda “Aşgabat” stadionynda geçirilmeli halkara futbol ýaryşynyň ilkinji oýny ýatyrylyp, onuň ýerine repetisiýalar geçirildi. Ol ýere baran adamlar “emeli janköýerleriň” nädip döredilýändigine şaýat boldular.
Türkmenistanyň habar serişdeleri penşenbe güni Aşgabatda prezidentiň kubogy ugrunda halkara futbol ýaryşynyň başlanýandygyny habar berdiler. Emma bu ýaryşyň ilkinji oýny näbelli sebäbe göra ýatyryldy.
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň bosagasynda yglan edilen bir aýlyk ýowarlar bilen bir hatarda, şu günler bu baýramçylyk mynasybetli geçiriljek dabaraly ýörişe taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar.
Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasy ep-esli wagtdan bäri höwesli işgär tapyp, işe almak üçin “BC” sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri gözleýär.
Türkmenistanda şu gün, 12-nji sentýabr, “Ruhnama” kitabynyň güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu sene esasanam ýurduň ýokary okuw jaýlarynda, döwlet edaralarynda aýratyn çäreler bilen bellenýär.
Uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ýowarlary geçirmeklik sowet döwründen bäri gelýän bir däp. Emma şu ýyl baýramçylyk seneleriniň öňüsyrasynda yzygiderli birnäçe ýowarlary geçirmek tendensiýasynyň görünýändigi aýdylýar.
Türkmenistanda çörek önümleriniň gymmatladylanyna 6-njy sentýabrda iki aý doldy. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, geçen iki aýyň dowamynda olaryň çörege edýän çykdajylary 3 esse köpelipdir.
1-nji sentýabrda birinji klasa giden ýaşajyk türkmenistanlylar eýýäm adat bolan netbuklary aldylar. Resmi maglumatlara görä, şu ýyl birinji klasa okuwa kabul edilen okuwçylar üçin 71 müň 464 sany “Lenowo Idea pad S110” kysymly netbuk satyn alnypdyr.
Dekabr aýynda Türkmenistanda 1995-nji ýyldan soň ilkinji gezek ilat ýazuwy geçiriler. Ýurduň resmi metbugaty bu çäre bilen baglanyşykly yzygiderli maglumatlary-da çap edýär.
Resmi metbugatda çap edilen köpçülikleýin çäreleriň sanawyndan çen tutulsa, sentýabr aýynda ýurtda dürli resmi çäreleriň 49-sy geçiriler.
Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary tamamlandy. Indi ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen abituriýentleriň ählisi degişli resminamalary ellerine alarlar.
“Altyn Asyryň” yzly-yzyna täze hyzmatlary hödürlemegi Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň 30-njy awgustdan Türkmenistanda hyzmat edip başlajakdygyny yglan etmeginiň öňüsyrasyna gabat geldi.
21-nji awgustda Türkmenistanyň merkezi gazetlerinde çap edilen bildirişde MTS kompaniýasynyň 1-nji oktýabrdan täze tarif planlaryny hödürläp başlajakdygy habar berildi.
Türkmenistanda orta mekdepleriň arasynda berýän biliminiň hilli boýunça beýlekilerden tapawutlanýan mekdepler hem bar. Şol mekdeplere girmegiň şertleri nähili?
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda welaýatlardan Aşgabada iş gözläp gelýän adamlaryň sany artdy. Aşgabadyň Hitrowka raýonyna aýlansaň, ýagdaýyň şeýledigine göz ýetirmek kyn däl.
Türkmenistanda okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Adat bolşy ýaly, awgust aýynyň başynda Aşgabat şäheriniň bazarlarynda we käbir köçeleriniň ugrunda “Mekdep bazary” atly ýörite söwda nokatlary döredilýär.
Ýene-de ýükle