Ýaşaýyş jaýlary ýumrulýan raýonlarda sökülen jaýlaryň howlularynda şol jaýlardan galan kerpiçleriň, plitalaryň, gapylaryň, penjireleriň we beýleki gurluşyk materiallarynyň örülip goýlandygyny görmek bolýar. Olar satylýar.
Bu tanap ýolunyň howpsuz işlemegi üçin wagtal-wagtal çalşyrmaly şaý-sepleriniň daşary ýurtlardan wagtynda getirilmändigi üçin, asma ýol tas bir ýyla golaý işlemän durdy.
Ýurduň ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri başlady. Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 5766 adam kabul edilip, bu geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde 711 adam artykdyr.
“Student reýsleri” diýip atlandyrylýan Aşgabatdan Moskwa, Kiýewe we Minskä uçýan uçarlaryň reýslerine oktýabr aýyna çenli awiabiletleriň ýokdugy aýdylýar.
Garadaşaýagyň öňki demir ýoldan günortadaky bölegi we halk arasynda Gaty oba diýlip atlandyrylýan obanyň ýaşaýjylary aladaly günleri başdan geçirýärler. Ýerli administrasiýa olaryň jaýlaryny ýykmaga taýýarlanýar.
30-njy Olimpiýa oýunlary Londonda iýul aýynyň 27-den awgust aýynyň 12-si aralygynda geçiriler. Türkmenistanlylaryň Olimpiýa oýunlarynyň translýasiýalaryny öz ene dillerinde tomaşa etmäge mümkinçilikleri bolar.
Geçen hepdäniň ahyrynda “Altyn Asyr” öýjükli telefon kärhanasy 0807 belgili täze hyzmaty hödürläp başlady.
20-nji iýulda agşam sagat 7 töwerekleri Aşgabady tozana gaplan harasat birden gelen güýçli çagba bilen tamamlandy. Giçlik ýagan güýçli ýagyn paýtagt üçin adatdan daşary ýagdaý boldy.
Çagalar baglarynyň terbiýeçileri soňky günler Aşgabadyň çagalar baglaryna paýtagtyň şäher magaryf bölüminden ýörite komissiýanyň aýlanyp, çagalar baglarynyň topar otaglarynyň remont edilmelidigi barada tabşyryk berýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär. Aşgabadyň bazarlaryndaky et satýan dükanlarda häzir sygyr etini tapmak kyn.
Eýýäm birnäçe ýyl bäri tomus aýlary ilatyň elektrik togy bilen üpjünçiligindäki bökdençlikler adaty bir ýagdaýa öwrüldi.
Aşgabatda pyýadalar üçin gurulýan ýerasty geçelgeleriň sany gün-günden köpelýär. Emma olardan geçýän pyýadalaryň sany welin artyberenok. Munuň-da öz sebäpleri bar.
Şu günler Aşgabadyň wokzalynyň hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Magtymguly şaýolundaky kassalarynda ýylyň iň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Bu möwsümiň esasy aýratynlygy nobatlar.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin resmi iş kagyzlary kabul edilip başlandy.
Türkmenistanda çöregiň täze bahalary adamlary alada goýdy. Döwlet dükanlarynda satylýan 20 teňňelik “buhankanyň” bahasynyň ýokary galmagy ilatyň sosial taýdan goragsyz gatlagyna has-da erbet täsir etdi.
7-nji iýulda Abadan partlamasynyň ýüze çykanyna dogry bir ýyl bolýar. Geçen ýylyň iýul aýyndaky Abadan partlamasynda dörän ýykan-ýumrançylyklardan şu günki gün bu şäherde hiç hili yz galmandyr diýen ýaly.
Türkmenistanda 1-nji iýuldan başlap, hususy awtoulagy we motosikli bolan raýatlara 2012-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin mugt benzin almaga talonlar berlip başlandy. Emma bu gezek hususy ýük awtoulaglary bolan sürüjilere mugt benzin talony berilmez.
Awaza syýahatçylyk zolagy Türkmenbaşy şäherinden takmynan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Emma, Türkmenbaşydan Awaza barmak üçin jemgyýetçilik transportyndan peýdalanmak meselesinde ilat diňe hususy taksilere bil baglamaly bolýar.
“Awazanyň” Hazaryň iň arassa kenarynda ýerleşýändigi barada türkmen metbugatynda häli-şindi maglumat berilýär. Deňziň “Awaza” degişli bölegine seredeniňde, bu aýdylany inkär edere sebäbem ýok. Emma ol ýerden sähelçe uzaklaşsaň ýagdaý başgaça...
“Awazada” täze gurlan myhmanhanalaryň ählisi hökümet edaralarynyň eýeçiliginde. Bu ýerlerde öň ýerli ýaşaýjylaryň daçalary hem bardy. Häzir şol daçalary ýatladýan hiç bir alamat galmandyr.
Ýene-de ýükle