20-nji maýda agşam aşa-milletçi “Rumynlaryň birleşmegi üçin alyansyň” (AUR) ýolbaşçysy Džordje Simiýon Rumyniýada geçen prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy çykmakçy bolýandygyny mälim etdi. Bu saýlawda onuň garşydaşy, garaşsyz kandidat Nikuşor Dan ýeňiş gazandy.
Buharestiň şäher häkimi, Ýewropa tarapdar merkezçi syýasatçy Nikuşor Dan 18-nji maýda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 54% töweregini alyp, Simiýony ýeňipdi.
Saýlawyň resmi netijeleri yglan edilenden soň Simiýon ýeňlişini boýun aldy we Dany ýeňşi bilen gutlady.
Simiýonyň tarapdarlary internetde häkimiýetleriň “Simiýonyň ýeňşini ogurlamakda” aýyplap köp sanly teswirleri ýerleşdirdiler.