Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadaganlyk 'Soňky jaň' aladalaryna çözgüt bolup bilmeýär


Soňky jaň dabaralaryna gatnaşýan ýaşlar. Arhiw suraty.
Soňky jaň dabaralaryna gatnaşýan ýaşlar. Arhiw suraty.

Maý aýynyň soňky hepdesiniň golaýlamagy bilen, türkmen häkimiýetleri ýene-de mekdeplere, ‘uçurym bolýan’ okuwçylara, olaryň ene-atalaryna we naharhana, kafe, restoran ýolbaşçylaryna edýän basyşlaryny güýçlendirdiler. Bu basyşlar ýurtda däp bolan we häkimiýetlerde uly alada döredýän ‘soňky jaň’ üýşmeleňleri, oturylyşyklar we olarda, ýa-da maşgalalaryň deň bolmadyk ykdysady mümkinçiligi sebäpli bolup biljek oňaýsyz ýagdaýlar bilen baglanyşdyrylýar.

Resmiler her ýylyň maýynda ulanylýan çäklendirmeleriň sebäbini açyk aýtmaýarlar, ýöne bu alada häkimiýetleriň okuwçylaryň käbiriniň düşýän agyr ýagdaýyndan 'gaty gowy' habarlydygyny, ýöne oňa hiç bir çözgüt tapyp bilmeýändigini tassyklaýar diýip, synçylar aýdýar.

Balkan häkimligi, bilim bölümi we mekdep müdirleri 23-nji, 30-njy maý aralygynda garbanyşhanalarda, kafelerde we restoranlarda, hatda öýlerde hem uçurym oturyşyklarynyň, ‘soňky gije’ çäreleriniň geçirilmeli däldigini duýdurdy lardiýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Aýdylmagyna görä, 24-nji, 26-njy maý aralygynda, üç günläp restoranlar we kafeler doly ýapylar. Bu duýduryş mekdeplerde ene-atalardan dilhaty almak bilen ‘resmileşdirilýär’.

Ýöne bu ‘gadaganlyklar, görnüşinden, ýaşlary saklap bilmeýär, ugurtapyjy uçurymlar 19-njy, 20-nji maý günleri restoranlarda toplanyp, öz göwün isleglerine laýyk soňky agşam çärelerini geçirýärler, bu günlerde ýygnanyşyp ýetişmedik okuwçylar bolsa, 1-nji, 2-nji iýun günlerinde toplanyp, öz saýlan restoranlarynda duşuşarlar diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçylary maý aýynda mekdebi tamamlaýan ýaşlara garşy ulanylýan netijesiz çäklendirmeler, olaryň açyk aýdylmaýan sebäpleri barada mundan öňki ýyllarda hem habar beripdiler.

“...häkimiýetler näçe gadagançylyk girizse-de, Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerinde 12-nji synpy tamamlaýan uçurymlar bu ýylam soňky jaň däplerine wepaly bolup galdylar, mugallymlara, mekdep müdirlerine sowgat almak üçin pul ýygnadylar” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen pedagog aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu çäklendirmeleriň esasy sebäbi ilatyň deň bolmadyk maliýe ýagdaýlary, çäre üçin gerek bolan puly jemläp bilmedik ýaşlaryň kynçylyklary, bolmasyz bir işiň bolmak ähtimallygynyň öňüni almak tagallalary bilen bagly we muňa düşünmeýän ýok diýse-de bolar.

Geçen ýyl mekdebi tamamlap, şu ýyl okuw üçin daşary ýurda çykan bir gyzyň aýtmagyna görä, “ýaşlara hem dogry düşünmeli, olar bir gezek mekdebi tamamlaýar, soň uçurym bolup gidýärler...” Bu pikiri goldaýanlar başga-da bar.

“Gadagançylyk çözgüt däl. Resmiler, hukuk goraýjylar mekdepleri tamamlaýan uçurymlara her ýyl bir hepde, hatda 10 gün dowamynda berk gözegçilik edýärler, olary goramak maksady bilen reýdler geçirilýär, usilenniý nobatçylyk çekilýär. Mugallymlar mekdeplerde, köçelerde gije-gündiz okuwçylary garawullaýar, ýöne netije ýok. Ýaşlar bileninden galmaýar. Ene-atalaryny gorkuzyp, ogurlyk edip, günlükçilik edip, juda bolmasa dilegçilik edip, soňky jaňa degişli çärelere gatnaşýarlar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk öňki ýyllarda maý aýynda, ‘il deňinde bolup bilmändigi’ sebäpli özüni heläklän okuwçylaryň hem bolandygyny habar beripdi.

2023-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy şäheriniň 18-nji mekdebiniň 11-njy synp okuwçysynyň öz öýünde, 10 müň manat tapman, özüni asandygy; 2020-nji ýylyň maýynda bolsa, Mary şäherinde bir 11-nji synp okuwçysynyň özüni ýaşaýan jaýynyň dördünji gatyndan oklandygy; şeýle-de Farap etrabyndaky 3-nji, 6-njy mekdepleriň, Darganata etrabyndaky 18-nji mekdebiň 2001-2002-nji ýyllarda doglan üç okuwçysynyň öz janyna kast edendigi habar berlipdi.

Türkmen häkimiýetleri bu hili ýagdaýlar barada ne maglumat, ne-de düşündiriş berýär.

Şol bir wagtda, hökümet tarapyndan guralýan dürli çärelere ýaşlaryň we býujet işgärleriniň köpçülikleýin çekilmegi, 'bagtly durmuşyň' yzygiderli wasp edilmegine garamazdan, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady, medeni kynçylyklary metbugatda tasdan agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG