Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina garşy bäş ugurdan 112 dron bilen hüjüm etdi


Kiýewde howa hüjümine garşy ulgam işleýär (arhiw suraty)
Kiýewde howa hüjümine garşy ulgam işleýär (arhiw suraty)

Russiýa 16-njy maýa geçilýän gije Ukraina garşy 112 sany dorn bilen hüjüm etdi. Bu barada Ukrainanyň Ýaragly güýçleri habar berdi. Beýanatda 73 dronuň ýok edilendigi, 36-synyň bolsa pilotsyz imitator uçuş serişdeleriniň bolandygy aýdylýar.

Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, jemi 109 dron nyşanasyna ýetmändir. Hüjümler ýurduň bäş sebitine gönükdirildi. Sebit häkimiýetleri urlan ýerlerde zeper ýetendigini mälim etdiler.

Odessa oblastyna edilen hüjüm netijesinde raýat infrastrukturasyna zyýan ýetdi, birnäçe ýangyn ýüze çykdy diýip, ýerli häkimiýetler habar berdi.

Kiyew oblastynda administratiw binalaryň, ýaşaýyş jaýynyň, bir dükanyň hem-de ulanylmaýan bilim merkeziniň zyýan çekendigi aýdylýar. Bu ýerdäki zeperleriň urlan dronlaryň galyndylarynyň gaçmagy netijesinde ýüze çykandygy bellenilýär. Şeýle-de, hüjümi gaýtarmak wagtynda bir ukrain söweş uçarynyň ýitirilendigi habar berildi.

Bu aralykda, öten gijäniň dowamynda ukrain harbylary anneksiýa edilen Kryma pilotsyz uçarlar bilen hüjüm etdi diýip, ýerli rus resmileri tarapyndan ýaýradylan maglumatda aýdylýar. Ýarymadanyň merkezi sebitindäki Perewalnyýdaky ýarag ammaryna zarba urlandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG