Türkmenistanyň polisiýasy 18-nji martda, maşgala dawasyndan soň, 65 ýaşly Muhammetnury tussag etdi. Polisiýa işgärleri birnäçe sagatdan soň onuň jesedini maşgalasyna gowşurdylar. Garyndaşlary Muhammetnuryň hatda polisiýa bölümine hem diri getirilmändigini, ony öýünden uzak bolmadyk ýerde ölýänçe urandyklaryny aýdýarlar.
Maşgala agzalarynyň tassyklamagyna görä, dirilik alamatlaryny görkezmegini keseninden soň, howpsuzlyk güýçleri ony halas etmek ýa-da hassahana äkitmek üçin hiç hili synanyşyk etmändirler. Kazyýet işini alyp barýan sülçi onuň urulmakdan ölendigini inkär edýär we merhumyň "ölüm sagadynyň gelendigini, ýagny öz ajalyna ölendigini öňe sürýär.
Merhumyň aýaly we çagalary häzir degişli häkimiýet edaralaryna ýüz tutýarlar. Ýöne, “Turkmen News” neşiriniň ýazmagyna görä, olaryň edýän arza-şikaýatlary hiç bir netije bermeýär.
“Biz Türkmenistanyň prezidentine şikaýat arzasy bilen ýüz tutduk, ýöne prokuraturanyň sülçüsi ähli garyndaşlarymyzy çagyryp, arzamyzy wideo ýazgyda yzyna almagy talap etdi” diýip, Muhammetnuryň gyzy Eje blogçy Nurmuhammet Annaýewiň taýýarlan YouTube gepleşiginde aýtdy.
Derňewçi merhumyň bedeninde urulmakdan galan yzlaryň bardygyny, ýöne ol urgularyň ölüme sebäp bolmandygyny, görnüşinden, onuň ajalynyň ýetendigini öňe sürýär.
Merhumyň gyzy, uzak wagtlap Türkiýede ýaşaýan Eje kakasynyň kanuny bozmandygyny, maşgalanyň aladasyny edýän we başgalara ýardam berýän adam bolandygyny gürrüň berdi.
Är-aýalyň arasyndaky dawa olaryň ýaşaýan ýerlerinden başga ýere göçmekleri baradaky pikir üstünde döräp, tassyklanylmagyna görä, hiç hili el göterme ýagdaýyna geçmändir.
Mehammetnuryň aýaly polisiýany "adamsyny köşeşdirmekleri” üçin çagyrypdyr. Maşgala ölümiň sebäbini kesgitlemäge kömek etjek ýazgynyň bardygyna ynanýar, ýöne polisiýa ony görkezmekden boýun gaçyrýar.
“Turkmen News” neşiriniň ýazmagyna görä, Muhammetnuryň ogly 6-njy maýda eline palta alyp, polisiýa bölümine barýar we: “Siz meniň kakamy öldürdiňiz, indi meni hem öldüriň” diýýär. Onuň paltasyny alyp galýarlar.
Polisiýa işgärleri jezalandyrylmady; muňa derek olary başga bir bölüme, etrap merkezinden oba ýerine geçirdiler.
“Turkmen News” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew häzirlikçe merhumyň gyzy bilen habarlaşyp bilmändigini aýtdy. Bu iş boýunça, beýleki onlarça işde bolşy ýaly, hakykatda hiç hili derňew geçirilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum