Aşgabadyň Köpetdag etrap sudy garaşsyz žurnalist Nurgeldi Halykowyň migrasiýa gullugy tarapyndan ýurtdan çykmagyna girizilen gadagançylyga garşy tabşyran şikaýatyny kanagatlandyrmady. Bu barada Turkmen.news neşiri 15-nji maýda habar berdi.
Ýurduň daşyndaky garaşsyz neşir bilen hyzmatdaşlyk saklan 30 ýaşly Halykow, Türkmenistanda dört ýyl türme möhletini başdan geçirip, geçen ýylyň iýun aýynda boşadylypdy. Ol şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistany terk etmäge synanyşýar.
Maglumata görä, 14-nji maýda geçen kazyýet diňlenişiginiň dowamynda migrasiýa gullugynyň wekili Halykowyň ýurtdan çykmagyna garşylygynyň ýokdugyny, özleriniň diňe “degişli edaranyň” görkezmelerini ýerine ýetirýändiklerini belläpdir. Emma ol gürrüňi gidýän “edarany” aýdyňlaşdyrmady, şeýle-de žurnaliste anyk haýsy kanuny sebäpler esasynda ýurtdan çykmagyna gadagançylygyň girizilendigini takyklaşdyrmady.
15-nji maýda Halykow suda çagyrylyp, şol bir aýdyňlaşdyrylmadyk "degişli edaranyň" netijesi esasynda onuň şikaýatynyň kanagatlandyrylmandygy mälim edildi.
Halykowyň egindeşleri onuň daşary ýurda gitmegini çäklendirmek üçin kanuny esaslaryň ýokdugyny aýdýarlar. Žurnalist suduň kararyna ýokary kazyýetlerde şikaýat etmekçi bolýar.
Nurgeldi Halykow 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda galplykda aýyplanyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne adam hukuklaryny goraýjylar žurnaliste garşy sud işiniň toslanyp tapylandygyna ynanýarlar. Ol Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran agzalarynyň suratyny garaşsyz Turkmen.news neşirine ugratmagyndan soň tussag edilipdi.