20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Tähranda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika ýaly ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk maslahat edilipdir.
Eýran prezidentiniň websaýtyndaky maglumata görä, Pezeşkiýan Tähranyň Türkmenistandan gazy import etmäge, şeýle-de goňşy döwletlere swap ylalaşygy arkaly gaz adykarmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdypdyr. Ol muuň bilen baglylykda, Eýran-Türkmenistan gaz geçiriji taslamasynyň dizaýny we durmuşa geçirilmegini öňe sürüpdir.
Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisine gatnaşmak üçin Eýrana sapar etdi.