Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň Orlow sebitindäki elektronika zawodyna hüjüm etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ukraina Russiýanyň Orlow sebitinde ýerleşýän elektronika zawodyna hüjüm etdi. Öten gije ukrain dronlary Bolhow şäherine hüjüm etdiler. Ýerli ýaşaýjylar partlamalar we “käbir desgalaryň” zaýalanandygy barada habar berdiler. Hüjümden soň, şol sanda harby senagaty hem serişdeler bilen üpjün edýän, Bolhow ýarymgeçiriji enjamlar zawodynyň çäginde ýangyn ýüze çykdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, Orlow oblastynda Ukrainanyň çäginden ugradylan 53 dron ýok edildi. Olaryň näçesiniň nyşana ýetendigi barada maglumat berilmeýär. Şaýatlaryň düşüren wideolaryndan görnüşine görä, zawoda azyndan sekiz dron bilen zarba urlupdyr.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň bellemegine görä, öten gijäniň dowamynda rus goşunlary umumy hasapda 159 ukrain dronuny urup düşüripdir. Olaryň 51-si Brýansk sebitinde, 37-si bolsa Kursk sebitinde ýok edilipdir. Ýene alty sebite hüjüm edilendigi bellenilýär.

Russiýanyň berýän maglumatynda näçe dronyň ugradylandygy we näçesiniň urulmandygy anyk görkezilmeýär.

Ukraina bu hüjüm barada hiç hili beýanat bermedi.

XS
SM
MD
LG