16-njy maýda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Tatarystan respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.
Onuň respublikanyň paýtagtynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşjakdygy aýdylýar.
Resmi maglumata görä, saparynyň dowamynda Berdimuhamedow Russiýanyň häkimiýetleri we hökümetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirer. Emma resmileriň atlary aýdyňlaşdyrylmaýar.